MENU

16:40
Tekiz ösüş
TEKIZ ÖSÜŞ

Zemin,tekiz ösüp bilmerismi biz?!

Ös zemin ös zemin diýmäge gorkýan
Össeñ bir sydyrgyn gidip bileñok.
Tes zemin yza tes diýmegem çetin
Düýnlerden gör niçe säwlikler aýan.

Birsydyrgyn,tekiz gitmek barada
Oýlanýan oýlanýan netijesi ýok.
Össeñ zulum aslyp galýar çetiñden
Deñagramlyk ýitýär,döreýär zyýan
Nädeñde,nädeñde ýalñyşsyzy ýok?!

Dur zemin,dur diýmek samsyklyk bolar
Duran zatda derek galmaýar ahyr.
Wah, nätseñem tekiz ösüp bileñok
Ösmeseñem durmuş bolmaýar ahyr,
Hemem ynsan ynsan bolmaýar ahyr.

Zemin,tekiz ösüp bilmerismi biz?!
Waaah,bilemok.

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Мango • 23:42, 30.12.2022
zeminiň (ýeriň) ösmesi biraz düşnüksiz ýaly.
zaman bolsa, zamanyň ösmesi bolsa, onda bolýaram ýaly...
avatar

uCoz