MENU

21:49
Topragym
TOPRAGYM

Ýedi gapyň ýalyn iýip,
Ýele berip ynamlaryň,
Bu ýalynýan güjüklerňe
Ynanmagyn, ynanmagyn.

Düýn-ä ygyp şemal ugra,
Bu gün yza dolananlar
Bir biwatan peşmekdirler,
Hiç wagt daşyň dolamazlar.

Nämähremleň depgisinden,
Käbäm, ömür gerşiň ýagyr.
Munda saňa ýülünme ýok,
Seňki agyr, seňki agyr.

Indem alma ýaňagyňda
Diş yzyn goýup ýezidiň,
Zorlanan garabagt gyz deý
Zyňyp gitjekler, ezizim!

© Muhammedöwez ARRYKOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Pegas | Теги: Muhammedöwez Arrykow | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Pegas • 21:58, 05.04.2024
Açylmadyk şahyr.
avatar
0
2 Pegas • 21:58, 05.04.2024
Açylmaly şahyr.
avatar
1
3 Medicall • 17:23, 07.04.2024
"Señki agyr, señki agyr"
"Bu ýalynýan güjüklerňe
Ynanmagyn, ynanmagyn."

şu setirleri öñem okan ýaly bolup durun, Mämmet Seýidowda, Baýram Jütdiýewdemi ýa-
da Italmaz Nuryýewde, şulañ birden birinde okan setirlem ýaly. Goşgyñ mazmuny şeýle duýgy berdimika ýa maña. Goýlan güni okap şol şahyrlaryñ haýsydygyny ýatlajak boldum-da, soñ ýene üstüne tema, düşdi, ýazmaga ýetişilmän galyndy
avatar

uCoz