MENU

12:12
Tümlükdäki nur
Doguldy,
Boguldy zulmat deñzinde.
Bakdy ol bu dünýä, hemmeden parhly.
Ne umytlar bilen açan gözünde
Gündizi gijäniñ bolmady parhy.

Gorky, onki süññün eýeläp aldy,
Nirä gitse aýrylmady yzyndan.
Belki, beýik Allam synaga saldy,
Diýip sabyr, güýç tapýardy özünde.

Näme hassalygña bakýarmy wagt,
Hasabyna jür ol, görmeýär göwün.
Geçen günler oña bermesede bagt,
Zalym dünýä bilen öwrenşdi gün-gün.

Taýagy hossary ýakyn syrdaşy,
Ol oña düşünýär hemaýat berýär.
Barlygy, asmany, ynsany, guşy,
Bir minudam bolsa synlasy gelýär.

Gerek zadyn tapýar, sypalap sermäp,
Hiç zat ýerin tutmaz egsik synanyñ.
Şeýlebir dertler bar, bolmaýar emläp,
Direldip getiräý Ibn Sinany.

Birin alan Tañrym, onusyn berýär,
Ötgir zehini bar, synmaz zorlukda.
Umyt ýollaryna nur çaýyp barýar...
Özüñ gora bizi, kalby körlükden!

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 232 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.0/7
Всего комментариев: 8
avatar
1
1 Pero • 14:00, 13.06.2024
"Özüñ gora bizi, kalby körlükden!"
Amin
avatar
1
2 Seýrаn • 07:43, 16.06.2024
Goşgy ýazmak diňe tehnikadan ybarat däl, Süleýman. Gowy zatlar ýazasyň gelenem ýetmeýär, gynanmasak-da. Tema meselesi girýär ara. Ýazyjy ýa şahyr parhly bolmaly, hemmäň görýän zadyny bir görmeli, duýmaýanyny bir duýmaly, üstesine, artyk bolmaly şular. Onsoň adatylykdan gaçmaly, ýogsam tapawudyň galmaýar hiç kesden. Bular meň dogry kabul edýän zatlarym, ki dogry zatlar. Ýogsam ýazsaň näme ýazmasaň näme.
avatar
1
3 Seýrаn • 07:48, 16.06.2024
Temaň güýçli bolmasamüň dürli owadan sözler bilen alaňda-da täsirli bolmaz. Diňe ýalpak deňzi halaýanlara täsir eder. Goruň giň bolmaly, galan zatlaryň özi geler ýanyňa.
avatar
0
4 Hyýalbent • 10:35, 16.06.2024
Beren maslahatlarñyza minnetdar! Täze ýazjak goşgularymda pikirlerñizi göz öñüne tutup, has gowy zatlary döretmäge synanşaryn sagboluñ!
avatar
0
5 aygull • 15:24, 16.06.2024
Tema ùýtgeşik bolmaly diýseñ, oglan ýazmaga ýaýdanar, Seýran, nàme hakda ýazsamkam diýip.
Durmuşda ùns bereniñe degmeýàn hic zat ýok. Onda dòreýàn nogsanlyklaram, şol.ùnsden dùşùrilmeler netijesinde. Sòýgà, ùnse màtàç dàl adam ýa zat ýok. Gep, tema çemeleşmekde. Ýalansyz, ýasamasyz, çuñ we giñ. Ýalan sòzlemezlik esasy şert bularyñ içinde. Akylly gòrùnjek bolmagam goşgyny we ony ýazany gowulygyñ ùstùnden eltenok.
avatar
0
6 Seýrаn • 15:30, 16.06.2024
Dagam aňsatmy goşgy ýazmak. Ýa üýtgeşik ýazmaly ýa üýtgeşiik çemeleşmeli. Täzelik gerek.

Akylly görünjek bolmaly däl şoň üçin, akylly ýazmaly. Goşgyň ýönekeýje we bolaýmalyja talaby.
avatar
0
7 Ak-sary • 15:49, 16.06.2024
-Süleýman cuñlygy çuñurak dörtburc guýa gaçypdyr
-Onnoñ?
-onsoñy şol ,cykyp bilmändir )
avatar
0
8 aygull • 16:12, 16.06.2024
Añsat diýen kok, Seýran.
avatar

uCoz