MENU

18:26
Türkmen dogan-dostlugy
TÜRKMEN DOGAN DOSTLUGY

Oguz hanyň goýan öçmez mirasy—
Adaty, edebi, milli lybasy,
Ýagşy niýet bilen yhlas-myrady,
Gadymdandyr türkmen dogan-dostlugy.

Gorkut ataň ündewinden, öwdünden,
Ene hüwdisinden, peder pendinden,
Bir goşawuç altyn alyp hersinden,
Ýugrylandyr türkmen dogan-dostlugy.

Merdana ýigitleň piri Görogly,
Duşmana ýüzbe-ýüz durandyr dogry,
Aslyňa buýsangyn, eý türkmen ogly!
Seň bilendir türkmen dogan-dostlugy.

Berkarar döwletde bagtlydyr ýoly,
Bir döwleti gurdy Pyragyň ili,
Türkmen—Garaşsyz hem Bitarap indi,
Nur saçýar Şahyryň dogan-dostlugy.

Gowşut handyr, Nurberdi han, Keýmir kör,
Atdan düşmändirler, geýip demir don,
Şan-şöhraty henizlerem gezip ýör,
Türkmen hanlarynyň dogan-dostlugy.

Il-günimiň paýhasyna sygynýan,
Bagtyýarlyk döwrümize guwanýan,
Ýyldan-ýyla berkäp, pajarlap ösýän,
Ýaşasyn halkymyň dogan-dostlugy!
Garaşsyz, Bitarap dogan-dostlugy.

© Kakajan BALKANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz