MENU

15:48
Türkmen gyzlarynyñ atlary

Humaý, Bossan,
Dilber,
Läle hem Şeker,
Şeýle bir çeper at,
Şeýle bir şirin.
Hersi ýeke söze siňdirlen mukam,
Hersi daşyp oýanmasy heseriň.

Ony aýdyp bilmez bilbil labyzsyz,
Aýdyp bilmez şahyr, ýanman ataşda.
Ony aýdyp bilmez şar gara gözleň
Yşgyna ýüregin ezenden başga.

Nobatguly REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 348 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 8
avatar
0
1 Мango • 16:28, 27.11.2023
indi Melek, Gülaý, Nuraý... ýaly importnyý atlar moda.
nämede bolsa çagalara gowy at dakmaly, Bessir, Ogulgerek, Gyzsoňy, Doýduk... ýaly atlary dakmajak boluň...

suratdaky hormatly sylaglylar kimlerkä?
avatar
0
2 Lacrymosa • 19:11, 27.11.2023
Kimlerdigini, anyk atlaryny-ha bilemok, ýöne türkmeniň iň owadan atly, iň owadan gyzlarydygyklaryny welin bilýän
avatar
0
3 Küle • 19:58, 27.11.2023
Owadan adyň üçinem baýrak berilip başlandymy?
Gowudygyny. Az bolsa-da ýeňme şansym bolan bir konkurs boljak eken
avatar
0
4 Medicall • 20:10, 27.11.2023
Onno men-a oñ yaly konkursa gatnaşmak aladam asla ýok bolya, (ýeñermikam,
ýeñmezmikam diýen aladam ýok bolya:) (adym owadan dal bolany üçin:))
avatar
0
5 Küle • 21:03, 27.11.2023
Azajyk uzaltsak näder? Meselem:
5000 ýyllyk taryhly Türk-iman, asly NURDAN
avatar
0
6 Küle • 21:08, 27.11.2023
Degişýän. Owadan adyňyz bar.
avatar
0
7 Medicall • 21:53, 27.11.2023
Gowusy başdan başlayyn onno, Türk-Imandan:)
avatar
0
8 Medicall • 21:54, 27.11.2023
Minnetdar!))
avatar

uCoz