MENU

08:25
Türkmençe söz
TÜRKMENÇE SÖZ
(Daşary ýurda bilim almaga ugraýan türkmen ýigdiniň dilinden)

Gelerin, Türkmenim!
Munuň üçin saňa borçly ahyr men.
Äht etmäýin ahyr men.
Nirede bolsam-da, ne hal bolsam-da,
Gelerin men hökman!
Ogul ojagyna dolanmaly ahyr.

Oguz, Gorkut bolup, Görogly bolup,
Magtymguly bolup, Eziz ogly bolup,
Nobatguly bolup aýlanyp ýören
Dilleňde hoş söz bar,
Guş dilli türkmenim,
Gelerin hökman!

Gelerin men pasyrdadyp Baýdagym,
Çünki meni Ene toprak çeker ki.
Atam-babam bolup, Il-günüm, eýsem,
Meni özüne,
Gije-gündiz meni özüne çeken kim?!

Maňa:«Oglum, gyzym, balam» diýen kim?!
«Bölüneni böri dalar» diýen kim?!
«Türkmenistan — seniň galaň» diýen kim?!
Gelerin, Türkmenim!

Görmek isläp bedewleriň çapyşyn,
Jeýhun, Tejen, Murgap derýaň akyşyn,
Oguz atam, Gorkut dädem haky üçin,
Nirde bolsam, gelerin men, Türkmenim!

Seniň çekýän ganyň küýsäp,
Sowulmajak şanyň küýsäp,
Mele suwuň, mele gumuň,
Mele myssyk nanyň küýsäp,
Gelerin, Türkmenim!

Atalaryň öwdün küýsäp,
Eneleriň hüwdün küýsäp,
Küýsäp, seniň aýdymlaryň-dessanyň,
Belendini-pessaýyn,
Sagatsaýyn, sekundsaýyn, sessaýyn,
Saňa ýakyn, barha ýakyn,
Gelerin men, Türkmenim.

Gyrmyz donly, ak telpekli ýigitleriň bakyşyn,
Gyrmyz çabyt, ak gupbaly gözelleriň bakyşyn,
Aşyklaryň bir-birini mähir bilen ýakyşyn,
Görmek isläp gelerin men, Türkmenim.

Dagyň-düzüň, ak deňiziň,
Görmek islär gara gözüm.
Ah, meňzime meňzäp duran meňiziň...
Gelerin, Türkmenim!

«Saňa bakyp, seždä goýýan başymy,
Her säher, her şam,
Meniň käbegähim — Türkmenistanym!
Sen bolmadyk bolsaň, göwsünde Dünýäň,
Aýlanmazdy Ýer Şar!...»
diýýärkä, damarda her katra ganym,
diýýärkä, ýüregmiň her bir urgusy,
Her alan demimde barka, şu sözler,
Gelerin, Türkmenim!

02.06.2010 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 15:34, 12.04.2023
"Atam-babam bolup, Il-günüm, eýsem,
Meni özüne,
Gije-gündiz meni özüne çeken kim?!" Şu bentdäki meni özünäñ birini aýyrmaly ýaly:
Meni özüne,
Gije-gündiz
çeken kim?! bolsa bolmazmyka?!
avatar
0
2 Pero • 15:40, 12.04.2023
...Atalaryň öwdün küýsäp,
Eneleriň hüwdün küýsäp,... eneleñ hüwdisin küýsäp bolmaly ýaly. Hüwdi sözüne -ün goşulmanyñ goşulmasy birhiliräk ýaly
avatar

uCoz