10:40 Türkmenistanly tennisçi gyzjagazyň üstünligi | |
TÜRKMENISTANLY TENNISÇI GYZJAGAZ TÜRKIÝEDE ULY ÜSTÜNLIGE ÝETDI ![]() Türkmenistanly gyzjagaz Türkiýede geçen tennis bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. 10 ýaşa çenli bolan çagalaryň ýaryşy Izmirde guraldy. Oňa çagalygyna garamazdan, zehinini tennise gönükdiren ýaşlaryň 34-si gatnaşdy. Bu ýaryşda zehinini synan türkmenistanly gyzjagaz Sülgün Işangulyýewanyň hem bary-ýogy 9 ýaşyndadygyny bellemelidiris. Ýaryşyň tapgyrlarynyň ählisinde Türkiýäniň sebitlerinden gelen çagalary ýeňmegiň hötdesinden gelen Sülgün finalda hem ýerli gyzjagaz Sahra Nehiz Temizden üstün çykdy. Bu duşuşykda 4:2, 4:1 hasaby bellige alyndy. Şeýlelikde, 9 ýaşly ildeşimiz bu ýaryşyň çempiony boldy. 3,5 ýaşyndan bäri tennis bilen meşgullanýan gyzjagaz häzir ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/sport/tennis/turkmenistanly-tennisci-gyzjagaz-turkiyede-uly-ustunlige-yetdi-3c46cd. 07.12.2022ý. | |
|
Всего комментариев: 4 | |
| |