MENU

22:37
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede we Siriýada bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Просмотров: 49 | Добавил: Medicall | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz