MENU

19:19
Tüweleme

TÜWELEME

Tüweleme,
Tüweleme,
Unudyberipsiň meni,
Tüweleme,
Tüweleme,
Soguryberipsiň meni
Ýüregiňden
Garagyňdan.
Çykaryberipsiň meni
Ykbalyňdan,
Ahwalyňdan...

Sary saçlaryňam indi,
Men tarapa daraňok-da.
Sary gaşlaryňam indi,
Men görgülä ýaranok-da.

Tüweleme,
Tüweleme,
Hakyt indi elleriňem
Salam bermeýär bir maňa,
Hakyt indi ellerimem
Salam bermeýär bir saňa,
Toba...
Toba...
Eý, toba.

Okaňokmyş bir goşgymam,
Geň galaýyn, geň galaýyn.
Halaňok köňül köşgümem,
Geň galaýyn, geň galaýyn.
Ýakmady seni yşkymam,
Geň galaýyn, geň galaýyn,
Geň galyp derde düşdümem,
Çürüşdimem,
Mürüşdimem,
Tüweleme, tüweleme.

Haý-haý bolaňda nä sary,
Haý-haý güleňde nä sary,
Ýüzüň sary,
Sözüň sary,
Kirpikleriň hasam sary.
Beýdip saralyp ýörşüňe
Bolarsyň sen kimiň ýary?!
Hudaý bilsin,
Alla bilsin.

Men-ä ýigrim bäşden geçip
Saralyb-a bilmerin,
Horlanyb-a bilmerin,
Bilmerin çepiksi bolup,
Gülmerin göçüksi bolup.

Agras bolup bilmesemem,
Ah, ras diýip bilmesemem,
Söýýän sözün gije-gündiz
Saňa garap diýmesemem,
Şol-a şeýle,
Menem şeýle,
Bol-a senem,
Bir söz söýle.

Bolman-da diý, tüweleme,
Tüweleme,
Tüweleme...

24.04.2023ý

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 150 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Aygul • 19:45, 24.04.2023
Serýoznyý keşpde otyrdyň welin, goşgy ýazan ekeniň-dä häli...
avatar
0
2 Saryýew • 19:50, 24.04.2023
Hawa, gelneje. Bir işe barsam bolýar diýip, ýolda ýarylman baraýdym. Bir oňat işde içimi boşatdym-aý...:)
avatar
0
3 Medicall • 19:53, 24.04.2023
Tüweleme, tüwelemee,sary kurkuma dönderdiñ-ä jigim ony,))
avatar
0
4 Мango • 23:58, 24.04.2023
Haý-haý bolaňda nä sary,
Haý-haý güleňde nä sary,
Ýüzüň sary,
Sözüň sary,
Kirpikleriň hasam sary...

birhili içi ýananyň gülküsi diýlişi ýaly, bu "tüweleme-de" içi ýananyň tüwelemesi ýalymy...
tüwelemeler ironiýa bilen diýilýän ýaly...

tüweleme.
avatar
0
5 lirika • 15:21, 25.04.2023
,,Sogryberipsiñ meni
Ýüregiñden
Garagyñdan"- garakdan sogrulmagy birhili bolýarmyka diýýän.
,, Ah, ras diýip bilmesemem"-rast bolmaly. Harp ýalñyslyk gidipdir.
Söýle-türk sözi dämi?
avatar

uCoz