MENU

10:46
Tüýs wagtynda geldiň...

Güýzän ýüregime bolup teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,
Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.

Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,
Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.
Geçip barýan günler garrylyga däl,
Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.

Gözleň göl döredip göwün öýümde,
Kalbyma keşde deý çekildi adyň.
Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär
Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.

Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma
Tämiz sahap bolup, müdimi girer.
Sebäp, duýgularma berip teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.

© Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Medicall • 17:52, 04.10.2023
Tüweleme, size, ahyr wysal goşgyylary ýazmaga wagt gelenine begendik)))
Ýetirip duruñ!
avatar

uCoz