MENU

11:32
Tymsal
TYMSAL/1

GYZYÑ ṢERTI

Bir gyz durmuṣa çykjak ỳigidiniñ öñünde ṣert goýupdyr:
-Ýylda bir gezejik maña öýden çykyp gitmäge rugsat ber. "Nirä,näme üçin?" diýip sorama! Diñe birje gün. Razy bolsañ menem saña mynasyp ýar bolaýyn. Ýigit razylaṣypdyr.
Bular ençe ýyl agzybirlikde gülala-güllükde ýaṣap ýörmüṣler. Adamsynyñ bilesigelijiligi gününe goýman,ahyry ýeñilipdir-de aýalyny yzarlamaga gidipdir. Görse aỳaly yns-jyns ýok bir çola ýere baryp ýetipdir. Kän otyrypdyr,aglap görüpdür,soñra bolsa ṣeýle bir gygyrýamyṣ,ṣeýle bir gygyrýamyṣ,heý goýaý. Bütin gününi ṣeỳdip geçiripdir. Soñam öỳüne gaýdyp gelipdir. Sabyr-takady galmadyk adamsy ahyry aýalyndan näme üçin beýle edýänligini sorapdyr. Aýalam syrynyñ açylanyna kän gün hapa bolup gezipdir. Ahyram adamsyna ṣeý diyipdir:
- Meniñ alan terbiýämde göwnüñe degselerem göwne degmeli däl. Içiñe salmaly,diliñi diṣlemeli,ýogsa sen bigünä bolsañam günäkär bolarsyñ. Öý hysyrdylary bilen seniñem,gaýynlarymyñam beýlekileriñem igenjini yzygider eṣidip çydam etmeli bolýan. Ýogsam maṣgalamyz dargap biler. Derdimi içime atybersem kesele galjak men. Ana,ṣoñ ün gidýän ṣol çola ýere - diyip jogap beripdir.

Diýmek, biz ṣeýle häsiýetdäki adam bolanymyzdan soñra(basym ýaralanýan) nirede bolsañam göwnüñ galmaklykdan gaçyp gutulma ýok. Emma arasynda nepesiñi durlamak üçin hemme zatdan,hemme kiṣiden biraz uzaklaṣyp özümize arakesme berip bileris. Bu gowy çykalga
Категория: Dowam edeliñmi?! | Просмотров: 157 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 15:27, 18.11.2023
Ilkibaşda başga bir köne türkmen ertekilerini yada saldy. Şolaň birinde yigit ideal, peri-peyker yaly bir gyza òylenyär, yone yaňky yaly şert bilen. Ol gelin bolsa çola yere baranynda...
1 wariantda – aźdarha öwrülyär, yylan çagasyny emdirip gaydyarmy namemi;
2 wariantda – hakykatdanam adam däl-de, peri bolup çykyar, beyleki hüyr-melekler bilen görüşmäge baryar, ozem ynsan bomansoň – önelgesiz.
avatar

uCoz