MENU

19:26
«Uçjak bolup urunmaly...»


Uçjak bolup urunmaly,
Göge galsak göz degermi?!
Ýa giň sähra gitmäli biz
Heder edip özgelerden.

Men aýdym aýdyp ýörjek däl,
Ile ýaýyp yşgymyzy.
Ýalançynyň ýalan-çyny,
Gozgamasyn başga bizi.

Asla awara bolmaly,
Özgeleriň derdi diýip.
Päk ýürekden ynanjak men
“Seni Huda berdi” diýip.

Aramyzda görünmesin,
Ýalazy ýel, özge şemal.
Öz gözümi sokur etdim,
Görmez ýaly özge jemal.

Kelte bolsa-da ýorganmyz,
Bölünmesin göwnüň seniň.
Göge uçmasak uçmaly
Biz ýere-de öwrenşeris.

© Aşyr HANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Katalizator | Теги: Aşyr Hanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz