MENU

17:27
«Uçup bilseň peýwagtyna...»

***
Uçup bilseň peýwagtyna, Isanyň
Laýdan ýasan guşy ýaly erkana.
Dünýäň ýürek urgusyna diň salsaň,
Ýylçyr gaýa ýaplap çyplak arkaňy.

Soňra Perhat ýaly gazsaň daglary,
Salyhyň düýesi çyksa gaşyňdan.
Süýdünden dadyrsa, keýpiň çaglasaň
Hem gutulsaň kalbyňdaky ba:şyňdan.

Lälesini daşa dönen kyrk gyzyň
Diňläp, heňlerinden güýç-kuwwatlansaň.
Gazsaň hem saplansaň köne gorkyňdan,
Täze dünýä tapsaň hiç bir nadansyz.

Asla sataşmasa saňa pis adam,
Ynsan kowmy bölünmese millete...
Uçup girseň oňa, edil Isanyň
Laýdan guşy ýaly, çekmän minnetem.

© Orazmyrat MYRADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Merdan • 21:38, 30.04.2024
Gowy gowy. Şu goşgynyñ goýulmagyna haýsydyr manyda men sebäp bolan bolmagym ahmal. Öwinere esas :-))
avatar
1
2 Medicall • 22:00, 30.04.2024
Ajaýyp goşgyken.
Şu awtoryñ ady meñ adyma atdaşyrak bolansoñmy nämemi goşgularyýam gowy çykýar))

ýetirip duruñ Maksat doganym!
avatar

uCoz