MENU

11:09
Ullakan ṣäherde janyn ynanýan

ULLAKAN ṢÄHERDE JANYN YNANÝAN

Ullakan şäherde janyn ynanýan
Bir dostum bar,
Aman bolsun, sag bolsun.
Ullakan şäherde meni ýigrenýän
Bir adam bar.
Aman bolsun, sag bolsun.

Bu şäherde meni ýakyny saýyp
Ýören del adam bar,
Başy dik bolsun.
Bu şäherde meni keseki saýyp
Ýören ýakynym bar,
Başy dik bolsun.

Bu şäherde meni söýüp ýören bar.
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.
Meni görse ýüzün sowup ýören bar,
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.

Başga bir tanşym bar, ýagşy-ýamandan
Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol.
Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam,
Ýöne hiç kişini söýenogam ol.

Takdyr meni şu adamdan gorasyn.
Beýikler maňa o diýen ýat däl.
Köpi gören bu köneje dünýäde
Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl.
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Pero | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Pero • 14:42, 22.09.2023
Goṣgyñ jemlemesindäki zomby ýaly adamlardan Alla biziñ barçamyzy gorasyn. Zomby ýalylaryñ özünem özünden gorasyn!
avatar
0
2 Pero • 14:43, 22.09.2023
Surat 80-leñ ahyry 90-lañ baṣymyka,aýaldogan?
avatar
0
3 Мango • 17:11, 22.09.2023
surat barada: çärjew wokzalyna meňzetdim. hawa 80-ler bolmaly.

goşgy barada: haladym, gyzykly ýazylypdyr.
ýöne jedelli. :-)
adamlary dosta, duşmana, ýa-da položitel, otrisatele bölýä.... soňunda-da neýtrallardan недовольный bolýa...
ýa ol недовольны-lyk zatlar barada öz pozisiýasyny gizleýän, açyklamaýanlar baradamyka?
avatar
0
4 Medicall • 23:55, 22.09.2023
Soñky bent "ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" - lar barada, ýagşa ýagşy diýýip bilmeýän, ýamana ýaman diýmän ýamanlygyñ ýamanlygy dogurmagyna goşant goşýan - görüp durka adalatsyzlyga göz ýumýan,içinden getirenlere aýdýan bolmaly Berdinazar daýy)
avatar
0
5 Pero • 08:43, 23.09.2023
Bir gören ýerimdigini bilýän-de hiç ýadyma salyp bilmän otyrdym suradyñ nireligini. Mango kaka,dogry yazypsyñ Çärjew ṣü
avatar
0
6 Мango • 13:33, 23.09.2023
suratdaky kommerçeskiý budkajyklar bar-a, ana şolar täze döwrüň, bazar ekonomikasynyň pyntyjaklarydy-da... baý, her zatlar satylar-da şolarda.

gyzykly döwür...
esasan jaýlaryň podwallaryndaky "wideotekalar" kinoteatrlaryň konkurentidi....
baý, kino bary görülendir-ä şo podwallarda... :-)
avatar

uCoz