MENU

08:19
Umyt
UMYT

Men küýzäň içinde ýaly:
bir bölejik asmany,
sergezdan bulutlary,
ýyldyzlary hem Aýy,
görýän, ýalňyz Güneşem,
meň ýüregim mysaly.
Küýze käte ýatladýar,
Gözenekli zyndany.

Bir gün asmanyň ýüzün,
Örter biriniň eli.
Emaý bilenjik goýar,
Ýekeje akja güli.

10.07.1998ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 18:07, 05.04.2023
16 ýyzzyllyk goşgy.

***

Men küýzäň içinde ýaly:
...
Küýze käte ýatladýar,
Gözenekli zyndany.

Hydyr agaň "gören kim görünen kiminde" baş gahryman ýokarka meňzeş pikir edýär, ol ýalňyşmasam özüni çüýşedäki siňege meňzedýän ýeri barmyka diýip durun.
Laçynyň gahrymany bolsa özüni küýzede duýýar...

***

Bir gün asmanyň ýüzün,
Örter biriniň eli.
Emaý bilenjik goýar,
Ýekeje akja güli.

ol biriniň eli seniň gözüňi ýumdurar...
o birem belki seniň iň ýakynyňdyr...

gowy gussa
avatar

uCoz