MENU

10:45
Umyt
Gussañ gara şalyn egnine atyp,
Köplügiñ içine gaçan ýekelik.
Otyr ol, dünýäni bir pula satyp,
Arzuwlarnyñ hüwdüsine irkilip.

Ýagşy kysmatdan paý, ýetmändir oña,
Olam bary bilen oññut edip ýör.
Bagtly adamlara seredip siñe,
Ahmyr gözlerinden hallan atyp dur.

Olar, baýlyklarnyñ hiç parhynda däl,
Şeýle durmuş oglanjygyñ islegi.
Bir wagtlar, ýañlanypdy şu ýerde,
Deñ-duşlary bilen gülki sesleri.

Geñirgäp seredýär, deñinden geçen,
Utanyp özüni gizlejek bolýa,
Monjuk deý, lowurdan gözleri bilen,
Kalbyndan bir zatlar sözlejek bolýa.

Bokurdagny ýaryp haýkyrsam diýýä,
Gursagnyñ içinde gurçuklan sözler.
Derdinden, dowzaha dönsede dünýä,
Hasratyn gizleýä şat güler ýüzler.

Her garañky gijäñ, bir säheri bar,
Bir gün, aýaklary topraga ýeter.
Umytlaryn baýdak tutup garaşýar,
Oña, saglyk gerek, barzatdan beter.

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Şyhyýew • 15:37, 31.03.2024
Birzatlar-a bar şu goşguda. Atajan Annaberdiň heňi eşidildi käbir setirlerde. Gowy.
avatar
0
2 Pero • 14:31, 02.04.2024
Aslynda 12 süññi ýerinde doglan adam iñ bagtly adam bolmaly ýaly. Emma biz muny köplenç ýatdan çykarýas. Muny ýatladanyñyz sagboluñ,Süleýman Tekäýew. Goşgyda hasrat bar,emma hemme zat ýerbe-ýer. Ýazyp bilýäniñiz bildirýä. Mundan beýlägem egsilmez ylham,saglyk arzuw edýän size. Ylham size ganat çykarsyn!
avatar
0
3 Hyýalbent • 15:07, 02.04.2024
Ýagşy pikirlerñiz üçin sagboluñ ynamyñyzy ödejek bolaryn ýenede pikirlerñize garaşýan
avatar

uCoz