MENU

13:23
Umyt şemleri
UMYT ŞEMLERI

Şemler ýanýar. Ýanýan şemleň sany ýok
Olar hyjuw bilen şuglalanýardy.
Otag sessiz-üýnsiz gugaryp otyr
Ýalňyz otag yşkdan duýgulanýardy.

Aý tegelek,penjireden görnüp dur,
Onuň gursagynda daglar döräpdir.
Ýyldyzlary ýygnap daş-töweregne
Asmanda şahana meýlis gurapdyr.

Ellerinde bada,doly şerbetdan
Badadan damjalar gaýdýar ýol ýasap.
Olar ýagyş bolup inip zemine,
Otagyň içine girýärler kürsäp.

Şemler has güýjeýär, artýar ýagtysy
Güýjedigçe ýuwaş-ýuwaş ereýär.
Gursagyny tümlik gaplaýmasyn diýp
Otagda bir uly gorky döreýär.

Şol ýalňyz otag deý ejizje göwnüm,
Umytlarym kimin şemler ereýär.
Siz göwrämiň hem ruhumyň röwşeni
Säginiň,umyt şemlerim eremäň!

(с) Meňli Aşyrowa

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Pero | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 17:40, 27.01.2024
Aý tegelek,penjireden görnüp dur,
Onuň gursagynda daglar döräpdir.
Ýyldyzlary ýygnap daş-töweregne
Asmanda şahana meýlis gurapdyr.

aýyň asmanda ýyldyzlary ýygnap meýlis guraýşyny haladym.
"aýyň gursagynda daglar döräpdir" diýlende gursakdaky o dag bir dert ýaly göründi... ýöne dertlem bolsa meýlis gurapdyr. optimist aý. :-)

şem meselesi adatyragam bolsa, goşgy owadan bolupdyr.

ýyzzyllar (bäşisi).
avatar

uCoz