MENU

12:30
Ürkdi gitdi
ÜRKDI GITDI

Elden, ol-a emel eken,
Eýse, indi erk-de gitdi.
...Elli ýaş ─ tüýs neme... eken,
Gitdi, menden görk-de gitdi...

Aýby ýok, munuň hiç aýby,
Asla, ýok öýlenjek gaýgym.
Çal ýeller başdan aýagmy,
Çaňy bilen örtdi gitdi.

Ýat boldy hoşzyban dilber,
Ýada düşse, ýürek dilner.
Asal-asal sözlän diller,
Ajysyny pürkdi gitdi.

Ömrüm şemdir ─ ýyldyr-ýyldyr,
Öçüp barýar. Niçik ýyldar?!
Duşdan göç geçirip ýyllar,
Böwrüme bir dürtdi gitdi.

Goşgy goşýan ─ göwne melhem,
Getirýär ol biraz pul hem...
Görüň, bu gün ol hem, ol hem,
Meger, menden ürkdi gitdi?!
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Bagabat | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Bagabat • 12:34, 18.03.2023
Surat, belli nakgaşymyz Aýhan Hajyýewiň "Solmaz" atly eseri.
avatar
1
2 Medicall • 13:45, 18.03.2023
@Bagabat Aga, ýetireniňize köp minnetdar, Annamuhammet aganyň öz goşgusynda aýdyşy ýaly "gowne melhem" goşgulary bar.
terjimehalyny ýörite post edip açsaňyz erbedem bolmazdy. Ýazyjy - şahyrlaryň her biriniň terjimehaly bölümlerde dursa her haçan okajak adama elýeterli bolardymyka diýýän.
owadan goşgulary okamaga ýetireniňiz üçinem Allaýalkasyn.
avatar

uCoz