MENU

19:25
Uruş weterany
URUŞ WETERANY

Süňňünden sogrulan polat gülleden
guýulan ordendir-medallaryny
döşüne dakynyp goja weteran,
garşylaýar Beýik Ýeňşiň baýramny.

Onuň hasasynyň “tyrk-tyrkyldysy”,
ýatladýar metronomyň sekuntlaryny.
Yzaly ýüregniň her gürsüldisi
ýatladýar söweşdeş esgerlerini.

Berline barýan ýol-ýodalarda
ädiginiň yzy guramaz baky.
“Kyrk bäşde” ýazylan Ýeňişnamanyň
nokadynda bar onuň hem ady.

Onuň hasasynyň “tyrk-tyrkyldysy”,
ýatladýar metronomyň sekuntlaryny...

BENTLER

Ýaňja garynjygyn doýran bäbejik,
“E-e” diýip, şadyýanja ýylgyrdy.
Göwsüni gowzadan bagtyýar ene
Balasyna derek töwir galdyrdy.

****

Mübärek Gadyr gijesi
Dileglermiz hasy bolsun!
Gijeleriň iň süýjüsi
Hemmelere wasyl bolsun!

****

Atasy ogluna çaldy şarpygy,
Oglunyň elinden gaçdy “Harplygy”,
Bu tilsim bilen nesil nesline
Geçirdi hak bilen galplygy.

© Kakajan BALKANOW

maý 2023 ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz