MENU

13:04
Uýalaryma
UÝALARYMA

Gül ýüzüňiz gördüm, derdim ýeňledi,
Dünýäm giňäp gitdi—sizi diňledim.
Soňky döwür... Näme boldy, bilmedim?
Kesildi-le bizden aýajyklarňyz—
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Maşgala. Öý-ojak. Naçar yhlasy...
Ömür örňedikçe düşünýäň hasam.
Siz—garyp enemden galan mirasym,
Aýapdym, ýene-de aýajaklarym—
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Men sizi ýatlaýan, daranda gussa,
Giň howlyň haýry nä ýüregiň gyssa?
Durmuşda büdresem, nädogry bassam,
Özümden öňürti uýaljaklarym—
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Deň bolmaň siz, gyýa bakmaň öwrülip,
Onsuzam ýalňyşlar sanjy böwrüme.
Bir päkize süýtdenmidir göwnüňiz,
Sähelçe ynjytsam, uýajaklarym—
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Ömür ötýär, aladasy, aly kän,
Öwrüm-öwrüm, ötlem-ötlem ýoly kän.
Gör, bu ýyllar ýegençiler ýaly däl,
Diňlemez, çekdirip uýanjyklaryn,
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

“Dogan!” diýip, derdim aňlajagym siz
Ýene gelip, göwnüm awlajagym siz.
Başujymda bozlap aglajagym siz,
Bir gün uka gitsem... oýarjak bolup...
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Annamuhammet KIRŞENOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: Sylapberdi | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 22:29, 07.03.2024
"Ömür ötýär, aladasy, aly kän,
Öwrüm-öwrüm, ötlem-ötlem ýoly kän.
Gör, bu ýyllar ýegençiler ýaly däl,
Diňlemez, çekdirip uýanjyklaryn,
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...
avatar
0
2 Sylapberdi • 13:56, 08.03.2024
Annamuhammet aganyñ näsagdygyny eşitdim. Alla şypa bersin diýesim geldi, tel nomerini tapmadym.
avatar

uCoz