MENU

21:52
Uzak ykbal...

UZAK YKBAL..

Uzak ykbal,
Uzak ýol.
Munda sen bir
Bagtly bol...

Tahyry tap,
Kaýsy tap.
Tap Ýusuby,
Weýsi tap.

Ýürek ýürek bolýar-da,
Duşuşylýar, duşurýar.
Ykbal Leýli gyzy kä,
Senubere gowşurýar.

Ykbal ykmanda sýužet deý,
Düşündirmän ýazylýar.
Kä Zöhre gyz, kä Asly
Maňlaýdanam pozulýar.

Çasly-çasly gülünip,
Ümsümlikde aglanýar.
Munda sary gyzlar ki
Sary ýigide baglanýar.

Sen sary.
Men sary däl.
Biz bir-biregiň
Ýary däl.

Uzak ykbal,
Uzak ýol.
Ýigdiň bilen
Bagtly bol...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Medicall • 01:36, 24.04.2023
Hoş geldiñiz, jigim! Siz awtorlara goşuldyñyz. Indi düşünersiñiz yzarlaberseñiz post açylşyna-da.

Goşgyñ äheñi üýtgeşik eken. Gowy gördüm galam ýöredişiñizi.

Ýöne birinji setirdäki "Uzak ykbal, uzak ýol"

goşgyñ ady edip alyndymyka?! Düzedemde aýyrsam ýalñyşaýmaýyn diýip aýyrman goýdum, emma bentden artykmaç ýaly şol.

Gurbanmyrat, goşgularyñyza, pikirleriñize garaşýas! Badyñ gowşamasyn!
avatar
0
2 Мango • 06:57, 24.04.2023
Sen sary.
Men sary däl.
Biz bir-biregiň
Ýary däl.

Gurbanmyrat SARYÝEW Näme üçin “men sary däl” diýdikä? :-)
avatar
1
3 Saryýew • 07:29, 24.04.2023
Salam. Hawa, şol 1-nji setir goşgyň ady hökmünde aýratyn durmalydy. Düşünmän ýalňyşlyk bilen goşgyň içine goşulyp gidipdir.
avatar
1
4 Saryýew • 07:30, 24.04.2023
Mango, men hakykatdanam sary däl. Goşguda sen diýip ýüzlenilýän ynsan bolsa saryja:)
avatar
0
5 Pero • 16:41, 24.04.2023
Dessanlary hiç okap bilemok. Çenden aşa uzaldylýamy,çekdirilýämi aý,garaz kabul edip bolonok-da şony.(söýgi temadakylary göz öñünde tutýan)

Gurbanmyrat Saryýewiñ döredijiligi bilen tanyşlygym bar. Gowy ýazýar.
avatar

uCoz