MENU

22:50
Uzakdaky dosta

UZAKDAKY DOSTA

Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal,
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.

Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!

Wagtyndan ir doldy şeýdip möwritim,
Okan kitaplarym basypdyr tozan.
Garaldy şapagym, söndi gözýetim,
Gitdiň, ýeke setir bolmady ýazan.

Çykgynsyz ýagdaýa düşmekden gaçdym,
Durmuş düşünmeýär seniň derdiňe.
Adamly günlerden aramy açdym,
Ýöreýän, ýanymda ruhum bar diňe.

Güýzüň gussasynyň öňküligi ýok,
Kesp edindim ýalňyzlygy söýmegi.
Eý, dost, niçüýn beýle sesiň çykanok,
Ýene könäň başyn syryp ýörmeli.

Köçeler ýagyşly, galmady ugry,
Heser eden ýaly nätanyş gussa.
Seň bilen dogrumy, sensizlik dogry?
Pikirlem daralýar, köňlümem hassa.

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 181 | Добавил: Мango | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/8
Всего комментариев: 10
avatar
1
1 Мango • 02:06, 28.02.2023
bir hili Gurbannazara bagyşlanan ýalymy?
avatar
0
2 Medicall • 02:12, 28.02.2023
Şu goşgy maña Çary aganyñ ( Ýegenmyeadowyñ) bir goşgusyny ýatlatdy..
avatar
0
3 Medicall • 02:22, 28.02.2023
"Señ bilen sary gül ýygardym weli,
Alysda sen gülüñ gadryn bilerden" şeýleräk ýalydy soñy şol goşgyñ..
avatar
0
4 Pero • 08:50, 28.02.2023
Umuman, goşgy Bapba Gökleñiñ "Mähelläñ içinde adam gözledim" setirlerini ýadyma saldy nämeüçindir
avatar
0
5 Çary5306 • 11:22, 26.01.2024
5-6 ýyl öň su goşgusyny okap berensoň, Seýran şeý diýipdi:"Näme üçindir şu goşgyň näme(kim) hakdadygyna diňe siz düşündiňiz..."
avatar
1
6 Mekan2 • 12:05, 26.01.2024
çary aga, Maksyň Bukawskiý hakynda "Familiýasynyň nädip Bukowski bolanynam bilýän (hiç kese aýtmasa-da)..." diýşi ýaly edip goýman, siz bir "Näme üçindir şu goşgyň näme(kim) hakdadygyna diňe siz düşündiňiz..." diýip goýman aýdyň. KIM(NÄME) HAKYNDA?
avatar
0
7 Çary5306 • 12:30, 26.01.2024
@Myhman, şo teswirimi ýazsam, ýazdymam welin, soň pikirem etdim:"Han ogul, artykmajyragam gürläýýäňmi?! Özara gürrüňlerm köpçülige çykaryp" diýip. Ol — meň ýalňyşym, onsoňam, awtor oňa hemmeleň düşünmegini islän bolsa, onam başarman duran oglan däl.
avatar
0
8 garagar • 13:23, 26.01.2024
Täsirli goşgy.
avatar
0
9 sussupessimist • 13:45, 26.01.2024
Ine munda Seýran görünýär.
Bu, elbetde, meniň subýektiw garaýşym.
avatar
0
10 Küle • 20:39, 26.01.2024
Suraty bejit calyshmaly
avatar

uCoz