MENU

13:06
Uzyn pikirleriň gysga beýany

GOŞGY ÝAZÝANLAR

Rast aýdýaň,
Goşgyny ýazar her kimem,
Dört setiri birleşdirmek kynmy nä?!
Şahyr bolmak bagly bolsa erkiňe,
Nämüçin hemmämiz Magtymguly däl!
Gurbannazar däl!
Gözel däl,
Nobatguly däl!
Atamyrat däl!
Kakamyrat däl!...

UMYT

Men bir umyt:
Gözsüze – göz,
Dilsize – söz,
Halsyza – hal,
Ýolsuza – ýol...
Hassalara boldum derman.
Emma ýüreksize ýürek
Berip bilmen
Meni ýazgarmaň!

ŞAHYRAM – ADAM

Edil hemmeler deý şahyram adam,
Diňe birazajyk ýüregi insiz.
Ýazanda däliräp ýazýany üçin,
Söýende geçýäni üçin bar zatdan
Däldir ýoldan çykan!
Däldir ol dinsiz!

HAÝYŞ

Şahyr diýip basmaň meniň howumy,
Goý, ony şygyrlam aýtsyn bat bilen.
Gurbanjemal diýiberiň gowusy.
Sebäp, şu at bilen geldim jahana,
Ugradarlar ýene-de şu at bilen.

GOŞGY

Güllesin edebiýat, ýaşasyn goşgy,
Goşgusyz günlere, ömürlere haýp!
Biz şeýle bir goşgulary ýazalyň:
Kapiýa,
Rifma,
Ritm...
Baryndan ötri
Ýüregi goýup.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 14:39, 06.04.2023
Gurbanjemalyñ "uzyn moh-mohuñ gysga çuk-çuky" diýdigidir bu, goşgyñ adynda aýdypdyr ony: "uzyn pikirleñ gysga beýany" :)
avatar
1
2 Pero • 14:40, 06.04.2023
Malladis Gurbanjemal!
Biz näme üçin olar dälmi? Sebäbi men bu men,sen bu sen,a olar bu olar. Biziñ herimiz bir dünýä. Ýogsa-da biz olara däl de özümize meñzemeli,özümiz bolmaly.
avatar
0
3 ibrahimbadakhshan • 15:15, 06.04.2023
Uzyn pikirleriň biri: Haýyş
Maňa şahyr diýmäň
Adym Gurbanjemal
Şu at bilen dogoldym
Şu at bilenem ölerin.
Bäh, bu pikiriň uzynlygyny!?
avatar

uCoz