MENU

09:12
WAGT
WAGT

Ýene hyýal bilen garaýan dünýä,
Ýatlamalar dürtüp durka gursaga,
Hasabyn ýitirmän aýlanýan WAGT!,
Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!.

Şojagaz pursady edinip olja,
Menden öýkelileñ ýazaýyn göwnün,
Hemem ykbalymy keleb deý dolan,
Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,
Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,
Bagtlyny göremde bolmasyn müýnim.

Seljereýin, biraz ag:y- garany,
Emen ak süýdümi haklajak bolup,
Dyrjaşaýyn, kemter beýniñ içinden,
Peýdasyz pikrimi ýoklajak bolup.

Mazarstanlyga dönen ýüregmi,
Azajygam bolsa şatlap göreýin,
Sen birje pursatlyk gymyldaman dur,
Eden ýalñyşlarmy ýatlap göreýin.

Ençe eýmençlikden eýlenen dünýä,
Her pursatda şarpygyny ursa-da,
Eý sen arzanlardan gymmatly WAGT!,
Haýyş edýän bir pursatjyk dursana!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 130 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 10:56, 09.05.2023
wagty saklap, duruzyp etmek islenen zatlary wagty saklamazdan etmek mümkin dälmi?
goşguda wagty bir pursatlyk saklajak bolunmagynyň manysyna düşünip bilmedim.

***
Mazarstanlyga dönen ýüregmi,
Azajygam bolsa şatlap göreýin,

"...şat etseň" näderdi?

***
Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,
Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,

özenli düwün?
düwüniň özeni... hmmmm (iki gezek hmmm)

"mazaly" öňündäki "çözläýine" degişlimi ýa-da yzyndaky "düwülmeze"?
belki:
Çözläýin, hiç haçan düwülmez ýaly...
Çözläýin, gaýdyp hiç düwülmez ýaly...
Çözläýin, indi bir düwülmez ýaly...
avatar
0
2 Pero • 14:31, 09.05.2023
Gussaly kalbymyñ, özenli düwnin,
Çözläýin, mazaly düwülmez ýaly,"

Muny okap bir zat ýadyma düşdi: 8 nji klasda türkmen dili sapagynda punktuasiya
bölümini geçýän günlerimizde mugallymymyz bir sözlemi mysal getirerdi köplenç:
- Adam bol,atañ ýaly haýwan bolma-da! ýa-da Adam bol atañ ýaly, haýwan bolma-da! :)
Nokat-oturyñam oýny kän-dä.
avatar

uCoz