MENU

12:16
* * *


Ejizlemen şowsuzlyga ýan berip
Pikirim depder, sözüm syýa kylmyşam.
Ýitebilmen ara ýolda jan berip
Ykbalyma öçmez eser ýazmyşam.
Niýetime gara ýokmaz sürtseler-
Päk serime beyik duýgy salmyşam.
Bu bahara kän garaşdym, garaşdym,
Umydymy monjuk edip boýnumda
Ak säherleñ aýdymyna garyşdym
Ylham ganatlarna ýazyp adymy
Dünýäm içre ýaşaýan bir perişdäñ
Keramatly heýkelini köñlüme
Göterip, apalap gorap şer işden
Ýörüşime düşünmezler güñleler
Aý aýlanar, ýyl dolanar ir-giçden
Hakykat perdesin syrar dünýeler...
Kim men, nirden geldim,
Barýaryn nirä,
Şelaýyn dillere dymýan näme üçin,
Wagt görkezer..

© NURDAN
Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Nurdаn | Теги: Nurdan | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz