MENU

02:01
Watan

WATAN

Çatryk, sägindim. Ýeketäk toprak,
Aladasam ýetik. Ýuwdunýan käte.
Başymyň çäresi azajyk köpräk,
Gözlem açyk ýaly. Hemem ýüregim
-den tapmankam men bir alaç derde,
Mydam gapdalymda ýüzüme bakyp,
Hem sen, eý, Watanym, syrly günlerde,
Daglaňy synlatdyň, uzak derýaňy.
Başga-başga ýurda gulak gabardyp,
aňymda aýlamda, göýä, sen ýaly
näbileýin, mähir berer öýdýärdim.
Daglaryň ardynda ýatan belent dag
-lar kimin, çöller kimin giňedim.
Doguldym, öldüm soň, ýene ýaşadym.
Seni sessiz gijelerde diňledim,
Eýsem, Watan saňa düşündimmikäm?
Ýadawlyk, argynlyk, güýç berdi maňa
Dogumly ýöredim, seretdim mäkäm
Ýaşyl baýyrlarda gyzyl gülälek
örtse bir gün asman kimin ýüzümi,
aýaman geçerin özüm serimden.
Senden alanlarym köp boldumy ýa,
saňa berenlerimden?

2014

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 18:41, 21.06.2024
Başymyň çäresi azajyk köpräk...

"başymyň derdi" diýjek bolduňmy-ka?
---

Gözlem açyk ýaly. Hemem ýüregim
-den tapmankam men bir alaç derde...

Daglaryň ardynda ýatan belent dag
-lar kimin, çöller kimin giňedim.

"-den, -lar"-ly eksperimenti menem eden bolupdym şu ýerde
avatar

uCoz