MENU

22:44
Watan
WATAN

Watan!
Men seni hiç zada bilmerin deňäp,
Ornuň kalpda,
Özge zatlar seň bagryňda jemlenen.
Kakam sende Hak we halk sözün diňlän,
Ejem sende hüwdi bilen hiňlenen.

Emedekläp, ýöräp, ylgap goýnuňda,
Kemal tapyp barça barlyk yşgyny,
Kalba salyp durkum bilen söýdüm men.
Hem-de ýykylamda kerem topragňa,
Biraz giç bolsa-da onuň aslynda,
Eger-eger kir däldigin duýdum men.

Teşneligmi gandyrdy kän ýagyşlaň,
Jöwzarda ýanmadym, salypsyň saýa.
Watan, biz seni täje deňeýäs,
A sen perzentlerňi alypsyň aýa.

Golum baglamadyň, erk berdiň çäksiz,
Abraýy, rysgymy sende tutundym.
Bu syrly ýodalaň hasratam eziz,
Aýby ýok, bir munda yşkda utuldym.

Ýürege ýan bermän dertlem gozgasa,
Syrymy paýlaşdym gulagna daglaň.
Wah, watan, watanym ýatdan çykmaýar,
Goýnuňda geçilen iň ajap çaglar.

Tebigatyň gözel, ynsanlaň mäherm,
Hak arka halkyňa ykbal gülendir.
Bu ýagty jahanda Alladan soňra,
Ýetilen menziller seniň bilendir.

Hiç mahal hiç kimi ýeke goýmadyň,
Idediň iň ýakyn hossarlar ýaly.
Seň bilen geçilen şat günler kändir,
Geçmeli şat günem kän bolar häli.

Men senden gitmerin del eşret gözläp,
Bilýäň-ä, şahyr kalp dogrusyn sözlär.

Sen hakda ýalan söz çykmaz dahandan,
Ömri ömür eden kötel ýollaryň,
Bagta elten ýollaň bolarmy taşlap.
Ýöne gelmez ýola gitmeli bolsam,
Şonda-da watanym seniň ýaýlaňda,
Kök urup bir nahal ýaşaýyş başlar.

Oba ýatlamasy

Düýşüme giripsiň, aňdyňmy kalbym,
Çagalyk dünýämiň ýüregni gozgap.
Giden giň meýdanda depeler ýaly,
Her ýerde bir öýi ýerleşen obam.

Bärde kesek atsaň goňşa ýetmeýär,
Emma, oba ýetýär kijijek şatlyk.
Bärde garyndaş deý obadaş sözi,
Sylaga hormat bar, ýok bärde ýatlyk.

Kalp ýaly germewsiz, aýratyn dünýä,
Gaba salyp bolmaz erkin howasyn.
Şol obaň bagryny gandyryp çetden,
Ýyllar deý akyp dur bol suwy Wasyň.

Ýandakly depeler, toraňňy jeňňel,
Içinde sülgünler ýeri nagyşlar.
Akar ýap boýunda heňine dünýäň,
Sazyn goşýar pyşyrdysy gamyşlaň.

Ýeriň damaryny gyzdyryp saklar,
Gündüzi Gün örän zemine ýakyn.
Bugaran bedenin sowadar kemsiz,
Kyrgyz obasynyň gijesi hakyt.

Birehim sekuntlaň gyssanşy ýaly,
Ah, saňa ýetmäge howlugýan heniz.
Gumaksy ýodalar, nyzamsyz öýler,
Ýürek deý giň ýerler ezizdi eziz.

© Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Kerim • 14:14, 05.07.2024
Gowy gowy
avatar
0
2 Medicall • 14:23, 05.07.2024
Kerim, bolýar-a şeyle ýazyberseler hã, hiç hili kemi ýok, gowy gerek))
avatar
0
3 Kerim • 17:03, 05.07.2024
Howa, gowy meniň üçinä. Şahyrlarymyza tüweleme diýibermeli. Kyssaçylarymyz az ýaly göwnüme...
avatar
0
4 Medicall • 23:11, 05.07.2024
Hawa, olam-a şeyle, kyssa ylhamy az ugradyan bolmaly awtorlara
avatar

uCoz