MENU

22:09
Watan — meniň barlygym

WATAN — MENIŇ BARLYGYM

Watan — meniň bar zadym.
Watan — meniň barlygym.
Ilki gezek suwsamda,
Ajygamda ilki gez,
Seniň suwuň içipdim,
Iýipdim myssyk nanyň.
Watan — meniň bar zadym.

Emedekläp gitmegi,
Öwrendim topragyňda.
Aglasam gözýaşlarym,
Sylypdy sergin şemal.
Seň söýgiňden uly ýürek,
Ýaşap ýörendir, ýok güman.

Watan — meniň zar zadym,
Doýamok hiç mähriňden.
Ýogsa, ýigrim bäş ýaşadym.
Ulaldym,
kemala geldim.
Nesipli boldum gijäňden,
Hiç ýerde ýok sabalaňdan,
Ap-aýratyn säherleňden.
Watan — meniň zar zadym,
Söý, ezizle bar zadyň.

Seni dile doga edip,
Gezmesem bolmaz-a ýaşap.
Şu toprakda gürledim men,
Seň diliňde gürledim men,
Ilki gezegim dil ýasap.

Watan — meniň öýüm, ýerim.
Saňa damdy halal derim.
Ýüregmi seň topragyňdan ýasady,
Gudraty Güýçli Taňrym!

Içimde-de sen ýaşaýaň,
Daşymda-da ýaýylan sen.
Onsoň men neneň gideýin?!
Gitjek ýerimem seň mesgeniň.

Watan — meniň bar zadymsyň!
Watan — meniň zar zadymsyň!

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz