MENU

13:40
Wesýet

Ýigit, baýlyk seniň nämäňe gerek?
Ne bir itiň, ne bir ýalagyň bolsun.
Dünýäde bol zadyň ýamagyň bolsun.
Ýöne seniň ähli ýetmezňe derek,
Bedew atyň bilen ýaragyň bolsun.
Şu Watanyň bir parçasy kesilip,
Gursagyňa salnan ýüregiň bolsun.

Ýylba-ýyldan pese gaçsa-da ornuň,
Ýylba-ýyldan seniň känelsin ogluň.
Goý, seňki bolmasyn bediýan çölüň
Süri-süri sygry, goýun, düýesi.
Onuň deregine Watan seňkidir,
Sensiň bu ümmülmez ýurduň, eýesi,
Ýöne şu toprakdan bir parça alnyp,
Gursagyňa salnan ýüregiň bolsun
Hem-de atyň, bilen ýaragyň bolsun!

© Nobatguly REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 14:30, 28.11.2023
"bedewiň, ýaragyň, ýüregiň bolsun" diýo Nobatguly kaka.
düşnükli.
emma näme sebäpden "Ne bir itiň, ne bir ýalagyň bolsun".
avatar

uCoz