MENU

10:30
William Wint Holman
Öňem, bir suratkeş ýaşap geçipdir,
Täsin pelsepäniň üstün açypdyr.
Suratyn tamamlap sergä goýupdyr,
Hemme oňa baha bersin diýipdir.

Suratda, ylymhon ajap bir dana,
Garaňky gijede çykyp meýdana.
Bagyň içi, panus bolsa elinde,
Arzuw hyýallaryn besläp köñlünde.

Täsin bir gapyny durdy ol kakyp,
Bahada berdiler surata bakyp.
Suratyňa söz ýok William Wint Holman,
Ýöne ýeke zada düşünip bilmen.

Danaň, bu gapyny duramla kakyp,
Munda tokmak ýokla açara çekip.
Gapynyňa, açyljagy bigüman,
Şujagaz ýerini örtüpdir duman.

Undupsyňyz öýtýän, çekeňde ilki,
Sebäbini bize aýdarsyň belki.
Hamala, sowala garaşýan ýaly,
Beýan etdi şonda bu geň ahwaly.

Aýtsama sowala jogabym saňa,
Ýönekeý gapyny kakanok dana!
Kakypdur ol, gapysyny ýüregiň,
Tokmagyň bu gapa ýokdur geregem.

Kalp gapysy diňe işden açylýar,
Açanlara söýgi bagt eçilýär.

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 3
avatar
2
1 Kyyas • 20:21, 22.01.2024
Suratda dog dilegini nädip dilindeligini suratlandyrdyka?
avatar
0
2 Hyýalbent • 09:00, 23.01.2024
Kyýas agam ony menem bilemok,sebäbi suraty göremok.Kyssasynda şeýle ýazylypdyr menem şeýle goşga geçirdim.Bolmasa şo ýerni üýgedip"Arzuw hyýallaryn besläp köňlünde"diýip alsam bolmazmyka.Ýenede bellikleriňize,maslahatlaryňyza garaşýan sag boluň minnetdar.
avatar
0
3 Kyyas • 09:31, 23.01.2024
Eger rowaýaty goşga geçirseñem öz fantaziýa reñklerini goşup, bezeseñ has gowy bolar
avatar

uCoz