MENU

10:31
“Ýagsana, ak gar!..”
ÝAGSANA AK GAR

Ýagsana,
Ýagsana,
Ýagsana, ak gar,
Şu wagt gar göwnüme juda hoş ýakýar.

Näçe ýagsaň, baglamarsyň ýollary,
Ak arzuwlarymy, hyýallarymy.

Müň aglap, müň sönüp, müň öçen göwün
Seň ýagýanyň üçin parahat bu gün.

Ähli gazabymy söýgä öwürdim,
Ýagýanyňy görüp, daşa ýüwürdim.

Joşgunym, daşgynym, ýaşlygym ak gar,
Hernä ýagawergin iş günüm, ak gar!

Öýkeleň-kineleň üstün basyp ýag!
Bimany gürrüňleň sesin kesip ýag!

Goý, tebigat geýsin kümüş donuny,
Ony müň ýyl synlap doýar ýalymy?!

Ak gar — bolluk-berekedi ilimiň,
Goý, ak bolsun ähli ýörän ýolumyz!

Ýagsana,
Ýagsana,
Ýagsana, ak gar,
Şu wagt gar janyma örän hoş ýakýar.

© Güneş MAKSADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Pegas | Теги: Güneş Maksadowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
2
1 Ak-sary • 11:07, 29.03.2024
Öýkeleň-kineleň

Şu setirdäki leñiñ birinjisini aýyrsañ-a gowy boljak yaly
avatar
5
2 sussupessimist • 11:57, 29.03.2024
Näçe ýagsaň, baglamarsyň ýollary,
Ak arzuwlarymy...

Gar soňky döwür kän bir ýaganogam. Öňem aýdyşymyz ýaly, indi garly bulutlar Aşgabadyň üstüne ýeteninde: "Wiý, biz eýýäm bärik ýagypdyrys" diýip, sowlup geçýär...
avatar
1
3 Pegas • 11:59, 29.03.2024
sussupessimist, bu Baýramala degişli däldir-le. :)
avatar
2
4 Мango • 00:36, 30.03.2024
Goý, tebigat geýsin kümüş donuny,
Ony müň ýyl synlap doýar ýalymy?!

adam şo bir zady müň ýyllap synlamaly bolsa - irýär.
şoň çün nähili ajap: 3 aýdan soň gyş gidip ýaz gelýä.
olam 3 aýdan soň ýerini tomusa berýä, soň ýene 3 aýdan güýz...
Allajan... hiç bir zady müň ýyllap synlatmaly etmesin.
avatar
0
5 paragraph • 04:19, 30.03.2024
Öz didaryndan başga(except)...
avatar

uCoz