MENU

00:14
Ýagty

ÝAGTY

Ala-garaňky zyndan,
Kiçijik penjire dilik-dilik.
Ýagty düşýä diliklerden
Dilik-dilik

Sesi özünden eýmenç demir gapy
Gaharly.
Tomsuň tüp yssysy,
Radýoň gowry,
Iýýulyň howry,
Urulýa oň demrine
Ahmyrly.

Içindäki bendäň derdi
Bu zatlarda däl,
Elinde galam.
Gaýta-gaýta ýazýany
"Maşgalam..."
Dörtýanyn gurşan beton galany
Ýyksam diýýä galamy

Biçäräň derlän şor maňlaýyna
Biri uçsa, biri gonýar
Hötjet siňekler.
Agyzlaryna sygsa, hamana
Iýjekler.

Jany ýanýar, sylýa derin
Sorup demine dymyk howany
Kowýa olary
Ýary ýazylan
Şapbat ýaljak kagyzynyň ýüzünden

Gidäýýälermi?!
Birini kowsaň,
Aýlanyp gonýa başgasy

Bizar bolan biçäre synlaýa olary
Sanaýan ýaly.
"Ganatyňyz bar. "Dur!" diýjegem ýok size.
Uçyň ahyr, çykyň ahyr daşaryk,
Penjiräň ýok aýnasy.

Daşarda Gün çykyp durandyr
Hem şemala ses edýän,
Ýaşyl ýapraklary güne garalan,
Garry tuduň saýasy..."

Ýene dowam edýär galam
"Maşgalam..."
Daşardan ýagty düşýär
Dilik-dilik...
Garaňky.
Ýatdy gowur
Gije sähelçe
Peseldi howur.
Demir gapam ynjalan ýaly.
Ýeke gözi ýumuk.
Bende-de ýatyr narada
Gije-gündiz - iki arada.

Bir görse, siňekleň biri
Alyp barýa ýary ýazylan hatyny.
Çagalary, aýaly çyraň yşgyna
Zordan okaýalar egri-bugry harpyny.

Olam penjireden seredip dur ýylgyryp
Ne içeri giribilýär, ne-de aýrylyp.
Iki arada.
Narada..

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=blogs&id=290
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Мango | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Bagabat • 08:50, 06.02.2023
Aýylganç goşgy.
Ynsan balasyna bendiçilik jebrini çekmeli etmesin.
Şunuň ýaly eserler gaty ýüregiňi gysdyrýar.
Elbetde bu subýektiw netije welin, ýöne Solženisynyň "Arhipelagyny" okanymda edil beýle duýgy göwnüňi tüýtmeýär. Emma Warlam Şalamowyň "Kolyma hekaýalaryny" okanyňda welin, ruhuň demigýär.
Hydyr agaň bu goşgusam şonuň ýaly ruhuňy demikdirýän eserleriň hilinden ekeni.
Geçdigi bolsun.
avatar

uCoz