MENU

12:06
Ýalñyşan ekenim

ÝALÑYŞAN EKENIM

Ýalñyşan ekenim,uly şäheriñ
Içýanlary bilen darkaṣ gurara
güýjüm ýok diýp dolanamda ýaýlama.
Içýanlar bar ýere syzan ekeni
Zäherli käsesin süzen ekeni.
Mekirlik ýetmändir muny añmaga.

Bu ýerler sadadyr öýden men akmak
Ir döwürleñ pursatynda galmyşam.
Jan diýip damaryñ kesýänlerdenem,
Ýüpsüz dar agaçdan asýanlardanam,
Jara itip,yza tesýänlerdenem
Ýüz gizläp ýeñsäñe basýanlardanam,
Çemlirägi tapsa,merdiwan edip
Basalaỳ-basalaý ösýänlerdenem
Ahmal galypdyryn,özüme osup.

Wah,olaryñ derhal jezasyn kesip,
Uwladyp guýrugy kesilen it deý
Içiñi sowatsañ boljagam weli,
Bir pynhan duýgymy, ýa-da bir ynanç
Ýol berenok,diýdirenok diýjegim
"Ýamanyñ aýnasy bolma" diýýän deý.
Içýany göterip kibitlerine
O kenara geçjek bolup çakylan
gurbaga hakdaky tymsaly okap
Näler gynanypdym ejir çekene...
Arman ýalñyşan ekenim
Içýanlar bar ýere ýaýran ekeni.
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Мango • 15:07, 05.02.2024
Kabil Habile "seni öldürjek" diýende
Habiliň jogaby şu boldy: Andolsun ki sen öldürmek için bana el uzatsan bile, ben öldürmek için sana elimi kaldıracak değilim! Zira ben âlemlerin rabbi olan Allah’tan korkarım.
avatar
0
2 Medicall • 15:34, 05.02.2024
Normalnyy, gelşiklije içyan ýogay suratlardan gözledemde, ýogsa eline içyan alyp barmagynda pyrlap duran gyzyñ suratyny goyajakdym goşgyñ ýokarsyndan:))

Ayallowan sennagy içyanlardan gorkmalläla, barmagyñda pyrlap başlaryny aýlamalyýa olañ, gayta olar
gorksun sennen:) zäherleri täsir etmez ýaly üzärlik gaynadyp içmeli arasynda-da:)

Bir oýunda bardyr: "aýlanda geçiwer, aylanda geçiwer..." diyani. Şon yaly görmediksirede aýlanda geçiwer, barmagyñda pyrlamak eýgertmese:))
avatar
0
3 Pero • 16:11, 05.02.2024
Hehe, aýlanmag-a aýlanmak weli üstesine gizlenibem geçýän aýaldogan.
Onsoñam,Mango kaka gowy ÿatlatdy. Abyl-Kabyl hakda. Zandymyzda Abylyñ otyranlygyna şükür.
avatar
0
4 sussupessimist • 16:40, 05.02.2024
Zandymyzda Habylyň bolmagy mümkin däl. Ondan nesil galmadyk. Adam ataň üçünji ogly bolýa - Şis (Сиф).
Kabylyňam neberesi bolmaly, ýöne olam Nuhuň tupanynda heläk bolan hasaplanýar
avatar
0
5 Pero • 16:49, 05.02.2024
Hawa nesil galmadykdyr-la,öýlenmänkä öldirilen bolsa. Emma zandymyzda "Abyl" otyryp biler öýdýän. Sebäbi Abyl biziñ üçin gözel häsiỳetli ynsanyñ simboly.
avatar

uCoz