MENU

09:17
Ýalñyşlarma minnetdar...

ÝALŇYŞLARYMA MINNETDAR

Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 aygull • 10:03, 22.02.2024
Aşyr Aşyr "Meniñ ýaman gowy ýalňyşlarym bar" diýýämi? Şol goşgusyny arada gözläp tapmadym. Awtory tapmak ondanam kyn bolansoñ, oturyberdim
avatar
0
2 sussupessimist • 12:54, 22.02.2024
Athena atly türk ska pank gruppaň "Ben bòyleyim" atly belli aydymynda bardy:
"Hayat benim
Her anımı yaşadıkça sevesim var
Aldırmam hiç yağmurlara
Benim güzel hatalarım var..."

Gowy aydymay. Şonam, originalynam (Frank Sinatra - "My way") diňlap görüň.
avatar

uCoz