MENU

21:24
Ýaly men
ÝALY MEN

Bossan içre ýalňyz bägül,
Bir görseň, çemen ýaly men.
Enä meňzeş giň sähramyň
Ak süýdün emen ýaly men.

Mahal-mahal batly urýan
Ýürek bilen söhbet gurýan,
Garyp diýip bagry girýan
Şa gyzy Senem ýaly men.

Duşdum bagta seýrek-setan,
Bilmedim, nämedi hatam?!
Gyzyna umytly ataň
Derdini kemen ýaly men.

Men nire, bu ykbal nire,
Zyban sözüň gülün tirer,
Hiç duýdurman ömre giren
Armany ýeňen ýaly men.

Kän ýykyldym, galdym munda,
Synady pelek oýnunda,
Säw bilen haltaň goýnunda
Gizlenen temen ýaly men.

Yşk – ähli zadyň çözümi,
Boýnuma aldym dözümi,
Ýunusyň galan sözüni
Aýtmaga gelen ýaly men.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz