MENU

22:18
Ýanyp bilmezlik

ÝANYP BILMEZLIK

Ýanyb-a bilemok, tüsseläýmesem -
diýdi-de otlady
gazete dolanan temmäkisin
ol.

Ýanybam bilemok
tüsseläbem
men.

Ne halda
sen?

© MANGO
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 113 | Добавил: Мango | Теги: mango | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
2
1 Bagabat • 08:56, 02.02.2023
Halyň soran çümmükçe sözem,
melhem bolýar,
bu bikarar janyňa.
Çünki ýalňyzlykdan püre-pür,
bu adamdan dykyn jahanda,
diňe çyn dost düşüner halyňa.
Dertlikäň dermanyňa,
gertlikäň armanyňa,
garaşaňda gelmänine,
urany urmanyňa,
“il bolýa” diýip,
senem bolmanyňa,
“dişim ötýä” diýip,
asgyny ýarmanyňa,
tozanyňa garmanyňa...
düşünmäge ynsan gerek,
duýmaga-da bir mähriban ýürek.
Çünki ýalňyzlykdan püre-pür,
bu adamdan dykyn jahanda,
diňe çyn dost düşüner halyňa.
Halyň soran çümmüjek sözem
melhem bolar,
bu bikarar janyňa...
avatar
1
2 Mekan • 19:58, 03.02.2023
Bu adamdan hyryn-dykyn jahanda üç sanyjak kişi - ol, men, sen.
avatar
0
3 Mekan • 20:06, 03.02.2023
Ol-a derdini tüsse bilen basýa, Men yanybam bilenok, tüsseläbem, Sen ne haldaka, ýa haldamyka.

Meniñ ýagdaýam düşnüksiz. Dünýäni suw alsa, dabany öllenmeýänlerdenem bolup biler. Derdine ne tüsse bilen basyp bilýän ne-de derdine ýanyp bilýän birem bolup biler.
avatar

uCoz