MENU

20:39
Ýar
ÝAR

Aglap ynjalan göwün deý iňrikde,
Asman için döküp guýýar ýagyşyn.
Damjalar syrygyp,süpürip geçýär,
Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym.

Gijeleriň kirpikleri irkilmez
Olar öýkelere düşüpdir ýesir.
Ozal köňle yşyk salan söýgümiz
Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim.

Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle
Ýa şübhe ynamňy ýaraladymy?
Günäsiz kalbyňa zäheri ornap
Täleý depderimi garaladymy?

Nädeýin,ýolumdan dänip bilmedim
Aýralyga pida etdim bagtymy.
Ýöne ojagmyzyň geljegi üçin
Yrýa edemog-a salym wagtymy.

Gel, undaly bir-birege diýleni
Kineleň ganatyny gyrmaga giç däl.
Emaý bilen öpüp didelerimden
Ozalky deý diýäý maňa perişdäm.

© Meňli Aşyrowa

2020 ýyl
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Pero | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Garagalam • 20:57, 04.02.2024
Gowy goşgy.

Damjalar syrygyp, süpürip geçýär,
Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym.

Nagyş penjiräň daş ýüzünden çekilen bolmaly, damjalar süpürýän bolsa.

Gowy jemlenýär.
Berekella.
avatar

uCoz