MENU

01:19
Ýaş gyzlar

ÝAŞ GYZLAR...

Ýaş gyzlaryň
ýüzi meňzeş
asmana,
buluda,
şemala.
Soňra olar
wepaly aýal bolar,
ýüzleri meňzär
öýe,
goş-golama,
hojalyk torbasyna.
Ýöne, olaň gyzlarnyň ýüzi
meňzeşdir ýene
asmana, şemala
bahar bulaklaryna.

© Arwo METS
Terjime: © MANGO

***

МОЛОДЫЕ ДЕВУШКИ...

Молодые девушки
похожи лицом
на небо,
на ветер,
на облака.
Потом из них получаются
верные жёны,
лица которых похожи
на дома,
на мебель,
на хозяйственные сумки.
Но их дочери
вновь похожи лицом
на небо, ветер
и весенние ручейки.

© Арво МЕТС
Категория: Terjime eserler | Просмотров: 202 | Добавил: Мango | Теги: Arwo Mets, mango | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 9
avatar
1
1 Мango • 02:00, 17.04.2023
şujaşşa goşugyny gowwörýänäý ýaman.

bir hili empatiýa bilen garasaň, has gowy düşünýäň "wepaly aýal bolansoňlar, gyzlaryň ýüzleriniň öýe,
goş-golama, hojalyk torbasyna" meňzeýişlerini...

"Ýöne, olaň gyzlarnyň ýüzi meňzeşdir ýene asmana, şemala bahar bulaklaryna".

hawala, erkegem öýlenensoň eli kartoşkadan, ýagdan, iýmitden doly sumkaly göz öňüne getirse bolýar.
aýdýara: "eşek* bolaýyn diýseň..." diýip.
*eşek – bu ýerde hyzmatkär manysynda, ýüki çekýän manysynda bolmaly.
umuman, durmuş dowam edýär. :-)
avatar
1
2 Medicall • 02:24, 17.04.2023
*Eşegiñ hyzmatkär manysam bardyr welin, *eşşek diýip ýazylaýmasam bardy-da)

Kartoşka daşasalaram bolmaz olar (erkekler) aýalça:) (gowy manyda aýtdym şun-a, käýinen däldirin)
avatar
1
3 Medicall • 02:30, 17.04.2023
Atalaryna meñzeş dogýar ogullar" diýip bardy bir goşgy, şoñ ýaly ejeleriñ gyzlaram ýene özlerini gaýtalaýar diýýär-da Arwo daýy. Bolubilýä,
Türkmençesem gowy bolupdyr, Minnetdar, ýetirip duruñ!
avatar
0
4 Pero • 09:36, 17.04.2023
Gartañ aýallary bolsa topraga meñzeş görýän
Gowja goşgy eken.
Umuman eser ýakymlyja duýgulary oýarsa gowy-da.
avatar
0
5 Kerim • 19:09, 06.06.2024
Gowy goşgy ekenaý, gaty gowy gördüm. A.Gurbannepesowda-da "Aýallar edepli bolsun" diýip iki küplet goşgy bar. Birhili şol ýadyma düşdi. Gysgajyk goşgularyňam gaty täsirleri bar.
avatar
1
6 sussupessimist • 09:33, 07.06.2024
hojalyk torbasy deňeşdirmesi birtüýsli eken. orsçasynda-da şeýle.

öýe
mebele
goş-golama... diýlen bolsa gowrak bolaýjak ýaly, göwnüme. Ýöne Arwo agadan sorap görmeli. Kimde nomeri bar?
avatar
2
7 sussupessimist • 09:35, 07.06.2024
Müşderi elýeter däl eken: Арво Антонович Метс (1937—1997)
avatar
1
8 aygull • 22:12, 07.06.2024
Soňlugy bilen aŷal görgüliň ŷüzi äriniň ŷüzüne-de meňzäp gidiberŷä. Şoň gülŷän zadyna gülüp, şoň gynanŷan zadyna gynanyp...
avatar
0
9 Seýrаn • 16:32, 08.06.2024
Goşgy erbedem däl eken. Şol terjimesinde hojalyk torbasy hakykatdanam göze dürtülýän eken, poetikasyna zeper ýetirýär. Hökman şol söz bolmasa-da, özüňçe bir öý goş-golamyndan goşup goýber.
avatar

uCoz