MENU

17:34
Ýat ülkeden bir görnüş

ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ

Saman şlýapaly garry bikäniň,
Yzyndan selkilläp güjügi barýar.
Ýok, güjük däl, bir biçäre ýekäniň,
Döşünden itilen geljegi barýar.

Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk,
Baransoň öňüne nan bir oklansa.
Gitmez ol ýüzüni birýana sowup,
Gijäň köçe itlerinden gorkansoň.

Ýyldyz sanap Aýa üýrýän ol itler,
Tüýdüm-tüýdüm eder, cykaýsa birden.
Bikesini taşlap ol asla gitmez, -
Ejiz gelýär zynjyrjygyn üzerden.

Bikesiniň inçe zynjyrjygy däl,
Ýekelikdi ony bogýan hem gysýan…
Dostum, bu ülkede şeýle bir it kän,
Hemem ýalňyz galan bir giden ynsan.

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=2&ac=posts&id=35
Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Мango | Теги: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 17:36, 25.12.2023
Ylýas agaň şu goşgusy ajaýyp.
avatar
0
2 Sylapberdi • 21:08, 25.12.2023
Aýylganç agyr eken.
Eliñe saglyk, halypa jan!
avatar
0
3 Pero • 09:32, 26.12.2023
"Garrylygyñy ýaşlygyñda gazan" diýilýär. Ol ýalñyzlar 18 ýaşan çagalarynyñ öýüni aýyrmadyk bolsalar... belki bu gün ýalñyzlaşmazdylar.
avatar

uCoz