MENU

10:33
Ýatladar
Yhlas bilen syýa zülpüň daraýşyň,
Pasyllar soltany ýazy ýatladar.
Ýüregime yşk penjesin oraýşyň,
Awun alar algyr bazy ýatladar.

Sensiň söýgüm ahyrkysy ozoly,
Yşk merjenin ýüregmize düzeli,
Dile geler Magtymgulyň gazaly,
Waspyn aýtsam Meňli gyzy ýatladar.

Sensiz ýagty salmaz hoşluk çyrasy,
Gel gülüm galmasyn gaýgy garasy,
Diňläp melhem tapar ýürek ýarasy,
Hoş owazyň aýdym sazy ýatladar.

Diýr Gylyjy yşkdyr söýgüm myradym,
Hak söýgüniň çekýän munda perýadyn,
Ýüregimde derdim gözde suratyň,
Köl boýunda guba gazy ýatladar.

Tähran Baýmuhammet Gylyjy
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Baýmuhammet Gylyjy | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Garagalam • 21:05, 04.02.2024
Baýmuhammet Gylyjy döwürdeş şahyrmyka?
Eger şeýle bolsa, bu stilde ýazmak döwürdeşlerimize täsirsiz bolaýmasa.
avatar
0
2 Hyýalbent • 18:28, 05.02.2024
Dogry döwerdeş şahyrmyz däl ýöne eýranly türkmen gardaşlarmyzdan bolup onuň türki dilde ýazylan "Ilime sowgat" kitabyndan öz elipbiýimize geçiripdim. Onsoň saýtda paýlaşaýyn diýipdim. sagboluň saglygyňyz!
avatar

uCoz