MENU

00:41
Ýatlamok
ÝATLAMOK

Süýt ýaly gijäniñ gaýmagna meñzäp,
Ol gyz penjireden a:ýa bakyp dur,
Arman, täleýimiz, bagtymyz bir däl,
Aramyzdan okeanlar akyp dur.

Entek yşgyñ mürrewwetin görmedim,
Gussam bilen goltuklaşdy kinelem,
Belki meniñ sudurymy gözländir,
Ýary gije a:ýa bakan dideleñ?!.

Gursagymyñ dowulyny duýýan deý,
Ulydan dem alýañ, assaja pa:llap,
Ýa ýyldyz sanaýañ, ýa-da keýpine,
Bir zatlar diýýärsiñ eliñi salgap.

Hyýalymda, señ eliñe jañ edýän,
Operator jogap berýär deregñe,
,,Abonentiñ telefony öçürlen...,
Zol-zol aýlap, düşüp durmañ ýüregne"...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Pero • 08:27, 13.06.2023
Käbir goṣgular surata,käbirleri saz diñläp,käsi bolsa peýzaža seredip-täsirlenip düzülýär. Bu goṣgam kartina seredip düzülene meñzeýä.
"Süýt ýaly gijäniñ gaýmagna meñzäp,
Ol gyz penjireden a:ýa bakyp dur,..." baṣy gowja meñzetme bilen romantiki baṣlanýa. Jemlemede hem delje bir zada garaṣdym...
avatar
0
2 aygull • 13:51, 14.06.2023
Aýa diýseñem düşnükli ahyry, : nämä gerek? Şol söze düşünmejek adamyň goşgy okamajagy belli.
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 19:53, 14.06.2023
Yrsaramañ Aýgül gelneje)))
avatar
0
4 aygull • 20:00, 14.06.2023
Yrsaramok-la, jigim, ýöne şol belgini hiç halamok. Okyjyny nadan görkezýär.
avatar
0
5 sylapberdimuhamov • 20:24, 20.06.2023
Abonentli ýeri bar romantikanyñ işini görüpir.
Hemem abonentiñ telefonu öçürilen diýen operatoryñ sözüni öñem bir ulanylypdyr. Dogrusy indi ulanmañ diýjek däl, romantik häsiýetli goşga gowy gelenok.
Bu meñ pikirim.
Bagyşlañ!
avatar

uCoz