MENU

11:44
Ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy

ÝAZYJY KÖMEK KULYÝEW ARADAN ÇYKDY

Ýurdumyzda giňden tanalýan belli ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan ýazyjynyň aradan çykandygy habar berildi.

Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda dogulýar. Ýazyjy 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Halypa ýazyjy Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp-gutarmanka, “Edebiýat we sungat” gazetine işe çagyrylýar. Şeýle hem ýazyjy şol döwürde gazetleriň hem-de žurnallaryň redaksiýalarynda şeýle-de Türkmen telewideniýesinde işleýär.

Kömek Kulyýew ilki “Dost gözleginde” atly hekaýasy bilen edebiýata girýär. Ýazyjy, dramaturg “Göroglynyň sawçylary”, “Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini ýazýar. Şeýle hem Kömek Kulyýewiň şol döwürlerde “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” ýaly ssenerileri esasynda döredilen gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda görkezilýär.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/yazyjy-....n-cykdy
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 127 | Добавил: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Мango • 11:51, 06.11.2023
Innä lillähi we innä ileýki rajiun
(«мы принадлежим Аллаху, и к Нему мы вернёмся»)
Allah rahmet etsin.
Halaýan ýazyjylarymyň biri.

---
habar atawatan saýtyndan alnan.
näme üçindir olar habarda Kömek agaň ölen gününi aýtmandyrlar.
(habar 6-njy noýabra degişli, diýmek, 5-nji noýabrda ýogalan bolaýmasa).
avatar
0
2 Myhman1185 • 12:09, 06.11.2023
Allah rahmet etsin. Meñem halaýan ýazyjylarymyñ biri.
avatar
1
3 Atsyzatly • 12:12, 06.11.2023
Imany hemra bolsun.
avatar
0
4 Pegas • 12:51, 06.11.2023
Düýn ýogaldy. Yzy ýarasyn...
avatar
0
5 Pero • 15:24, 06.11.2023
Hasaby ýeñil bolsun!
avatar

uCoz