MENU

23:23
Ýene Gün dogdy

ÝENE GÜN DOGDY

Gör nähili oñat,
Ýene Gün dogdy!
Siñe baksam onuñ dogşy enaýy.
Älemiñ garnyndan "perdäni ýaryp"
Dünýäniñ üstünde ýakdy çyragy-
Asmana, Zemine ýapyp daraýy.

Daşary, içeri täsin ýagtylyk,
Men muny nämüçin şu pursat duýdum -
İçimde, daşymda otyr bagt gülüp,
Ondan bada alyp käsäme guýdum
Ol goýalyp barýar - serimden uýdum.

Söýýän gök reñkimem girip gök şöhlä,
Gelip gursagymda ýazdy hatyny,
Nämälimlik diýdi "Bil sen çakyñy"
Kyn ýeke çapmaklyk - nesip atymy.

Gör, Gün bolsa barha galyp ýokary,
Zer şöhlesi bilen duýgyma neşter -
sanjyp Sanjalagyñ düwmesin oýnar,
Owazyny onuñ söýýänler eşder,
Maña dilmaçlygyn bagş etdi guşlar.

Gulagmyñ içinde nowaýy gulak,
Owalarma siñip başga bir göreç,
Başladyp öz-özüm bilen bir göreş!
Gün dogdy - doguldym,
Sen maña Garaş!..

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Medicall | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Балканов • 00:40, 24.03.2024
Örän gowy goşgy!
"Sanjalagy" düşündirseňiz.
avatar

uCoz