MENU

00:17
Ýene içime salaýyn
ÝENE IÇIME SALAÝYN...

Men henizem üşedýän,
Bu tomusyñ yssysynda,
Öýlesi şeýle geçenleñ,
Ne bolarka ýassysynda.

Asgynladym, emma kalbym,
Entek-entek ejizlemez,
Umyt bilen ýaşar ertä,
Goldaw edip ejizlere.

Añ etmedim añsyzlara,
Olam meniñ ýalñyşymmy?,
Eger şeýle bolsa aýdyñ,
Boýun aljak ýalñyşanmy.

Her kapýany Haka ýanap,
Az-kem gaýgy-gussa garyp,
Düşinsinler diýýän herne,
Bahyllaryñ için dörüp.

Emma welin düşinenler,
Alysda saklady özin,
A men bolsa gaýta-gaýta,
Oña gözläp ýörün çözim.

,,Sag-salamat boluñ!" Diýdim,
Ah nädersiñ diñlenmeseñ,
Meni telbe öýdip ýörmäñ,
Gezip bilmen hiñlenmesem.

Sarpa goýdum, sarpasyza,
Hormat etdim ulylara,
Olar bolsa pyçak urdy,
Sebäp tapman ulanara.

Dagdan beýik duýgym bardy,
Ah bolýa-la ýatlamaýyn,
Geçen güne, şundan şeýläk,
Bir ädimem ätlemäýin.

Syr bermedim, gülen bolup,
Gizläp gezdim, dert ýaramy,
Il ugryna gezdim ýördim,
Şükir, gördim ak-garany.

Geçen geçdi, ertir güman,
Ak niýeti apalaýyn,
Seniñ derdiñ kime derker,
Ýene içime salaýyn...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Medicall • 00:39, 07.05.2023
Şu: © bellik nirede goýulsa-da awtorlygy añladýan bellik. awtory: Baýram Bejidow edeniñden
© Baýram BEJIDOW
edip ýazanyñ dünýa standartlaryna ylaýyk gelýär))
avatar
0
2 Aksary • 10:07, 07.05.2023
Şojagaz belligi telefonda-da cykaryp bolýarmyka?
avatar
0
3 Medicall • 10:53, 07.05.2023
Hawa bar, telefonda klawişda çykýar, sanlara geçeniňde 123-iň ýokarsynda belgi bar, şoňa girseň belgileriň köpüsi çykýar (Mende şeýle, beýleki telleri bilmedim)
avatar
0
4 Medicall • 10:59, 07.05.2023
komp-da Alt+0169 © belgi
avatar
0
5 Medicall • 13:19, 07.05.2023
© belgini test edip gördüm şu mahal.
eger telda ýa-da kompda belligi tapmasaň şeýle aňsat usuly bar: c harpy ýaýyň içine salýaň: c ( ) sohranitde özi © belligi çykarýar
avatar
0
6 Aksary • 13:47, 07.05.2023
© hawa bolyan eken.sagboluñ.
avatar

uCoz