MENU

08:49
Ýetişsin
ÝETIŞSIN

Tumagaly Humaý— Bagtym, kimim bar?!
Senden özge kim kes maňa ýetişsin?!
Men haýranam, hälem meniň demim bar.
Şol gözleri nerkes maňa ýetişsin!

Gorkym kändir, gözündäki a:l ýaly,
Ýylgyrşy-da göýä nikap-şal ýaly,
Merwe-Sapa arasynda sal ýaly,
Saýyl gezen bibi Hajar ýetişsin!

Eý, kenizler, gaýym durmy serbazlar?
Goý, gelsinler ataşbazlar-darbazlar.
Toý güni deý şoh bezelsin çarbaglar.
Däli köňle aram-karar ýetişsin!

Porhan bolsun, owsungärler, palmanlar,
Raks oýnasyn ýary barlar, galmanlar,
Paýhas gidip, uçdy serimden aňlar.
Kyrk daýaly Methaljemal ýetişsin!

Herzegöýem bolsa, gelsin, goýberiň!
Göwnüm açsyn, kyrk bir günläp toý beriň!
Hä-hüm beriň, şowhun beriň, tow beriň,
Emma basym çyn dilewar ýetişsin!

Kesgir eken yşkyň salan samsamy,
Eştgir eken, söýgiň syran sarsary,
Çyksa çyksyn meni saýan saňsary,
Tersa gyzyn söýen Sengan ýetişsin!

Eý, älemi Söýgi atly çog kylan,
Çogy bilen göreçlere çow kylan,
Arzym eşdip, Yşk çoguna çokunan,
Ol Aşyky-Zar ataşdar* ýetişsin!

02.01.2005ý.

*Aşyky-Zar ataşdar — Zaratuştra
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/6
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 11:19, 13.03.2023
Laçynyñ golaý ýyllarda ýazan goşgusy barmyka?! Goýulýanlañ bary 2010-dan añyrda ýaly.

Goşgyny HALADYM!

Herzegöýem bolsa, gelsin, goýberiň!
Göwnüm açsyn, kyrk bir günläp toý beriň!
Hä-hüm beriň, şowhun beriň, tow beriň,
Emma basym çyn dilewar ýetişsin!
avatar
0
2 Мango • 23:57, 13.03.2023
Tumagaly Humaý — Bagtym, kimim bar?!
Senden özge kim kes maňa ýetişsin?!
-diýäkgetdin, ondan özge ýetişäýjek kim kesleri sanap başlaýar:
1. Gözleri nerkes maňa ýetişsin!
2. Bibi Hajar ýetişsin!
3. Kyrk daýaly Methaljemal ýetişsin!
4. Herzegöýem bolsa, gelsin, goýberiň! ...çyn dilewar ýetişsin!
5. Tersa gyzyn söýen Sengan ýetişsin!
6. Aşyky-Zar ataşdar (Zaratuştra) ýetişsin!

onda-da, Laçyn hanyma 5 ýyzzyl.
avatar
0
3 Мango • 23:59, 13.03.2023
"Göwnüm açsyn, kyrk bir günläp toý beriň!"
şu taýda reklama maksatly, toý salonlarynyň atlaryny hem sanasa-ha gowja pul ýasap bolardy... :-)
avatar
0
4 ibrahimbadakhshan • 02:49, 14.03.2023
** iki ýydyü
avatar

uCoz