MENU

11:40
Yhlas

YHLAS


Tekepbir ýar, per bermeýän çyrçygym!
Gör, gaýtadan çetiräýjek bolýaryn.
Nirden güýç alýanym bilmen, çyr-çytyr,
Bitmejegi bitiräýjek bolýaryn.

Hijran dişin gyjap, zarladýar gyjak,
Aýdyp bilmän guşlar bir-birin gyrjak,
Düşünsem-de muňa, ah, men – samsyjak,
Ýatlap-ýatlap getiräýjek bolýaryn.

Du:r tekjede üç ýyl öňki gülüňem,
Gözüm düşse, ýürek aglar günüme,
Ýyrtyp-ýyrtyp, seň gelmeli günüňe
Kalendary ýetiräýjek bolýaryn.

Aýdyň, kimi aýnatmady yşk, kimi?
Aýdyň, kimi saýratmady yşk, kimi?
Asmandaky ýyldyzlary müşk kibi
Saçlaryma sepinäýjek bolýaryn.

Zülplerme-de goýan bolýan “bugidi”
Aýdymçy deý geýen bolup birgiden.
Öz ýanymdan Alp Arslan deý ýigidi
Gözlegimde ýitiräýjek bolýaryn.

Ýar, saçlaňdan gelýän ysy unutsam
Ýa hatlaňdan gelýän ysy unutsam,
Kä keşbiňi ýatlap bilmän urunsam,
Gözümden öň petiräýjek bolýaryn.

“Ýylgyryşy ýa-ha oýny, ýa çyny”,
“Gül gyryşy ýa-ha oýny, ýa çyny”,
Samrap-samrap, şahyr bolan Laçyny
Başky özüne getiräýjek bolýaryn.

Laçyn PÜRJÄÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: BayramberdiGeldimyradov | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz