MENU

18:52
Ykbal

YKBAL

Şygyrlarym – meniň söze öwrülip,
özgeleň dilinde aýdylmagymdyr.
Ýüregimden ýürek bolup, sogrulyp, ýüreklere siňjek aýdymlarymdyr.

Bu dünýede ähli kişi myhmandyr,
aglap doglup, agladybam giderler.
Şygyrlarym – meniň asyl nusgamdyr,
ony
oňde-soňda ykrar ederler.

Soň,
şygry söýýänleň öwmegi mümkin,
käbirleri – inkär etmäge geler.
Olara-da «Sag bol!» aýdýaryn, çünki,
soň özlerem şeýle ykbala geler.

GOŞGY

Ýeri, näme sebäp, başlan şygryma: şu günmi,geçmişmi,
ýigrençmi, söýgi ?!
…Parahat kalbymyň dynçlygyn bozup,
kalbym gyjyklaýar düşnüksiz duýgy.

Meni sowgat beren mukaddes enäň,
gözden uçup barýan mährem keşbimi?

Ýa-da
yşga taplanmadyk ýüregme
bir gözeliň owazasy düşdümi?!

(Ömri uzyn bolsun)
mähriban ataň
Öňündäki bitirmeli borjummy?!
Men bilmedim, bir duýgynyň täsirne
birdenkä, parahat kalbym gorjandy.

(1979-80-nji ýyllar)

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 09:56, 16.02.2023
Sözde keramat bar diýilýäni hakyky aýdylan jümle. Şygyr ýazan-da, bilip-bilmän öz ykbalyny ýazýan ýaly adam. "pikirler adamyň gaýyp görnüşi" diýilşi ýaly öňünden ýazylan käbir goşgy şahyryň ykbalyna öwrülýändigini köp eşdipdim, hat-da şaýat boldum diýsemem ýokary gürledigim bolmaz..

Elbetde, Şahyryň ykbaly boljak şygyrlaram parahat kalby gorjaman döremeýär. Ylhamyňyz joşup dursun!
avatar

uCoz