MENU

10:11
Ykbalym meňzedi göýdük salgyma...
YKBALYM MEŇZEDI GÖÝDÜK SALGYMA...

Ykbalym meňzedi göýdük salgyma,
Yhlasyňdan sowulyplar bu yşkym.
Köňül urbasyna siňen syr ýaly,
Heserli hyýallar serimi deşdi.

Saralan güýzlerde galan aýdymym,
Ah, bilmedim, nirelerde ýerledi.
Ýowuz düýşleň aýasynda galanym —
Göwnüm hünübirýan düýni sermedi.

Bir ýanymda sogap, bir ýanda günä,
Süňňi agyr gussalara ten berip,
Seniň ykbalyňa sygmadym,
Dünýäm,
Batyl misli töweregmi sermenip.

Özgeler deý özelendim, ölmedim,
Yşk ýolunda bagry para saýyl men.
Bir ýerlerde gezip ýörseň,
Bar bolsaň...
Ýetilmedik wysala-da kaýyl men.

1992 ý

© Sülgün PIRMEDOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Çary5306 | Теги: Sülgün Pirmedowa | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 10:15, 26.01.2024
menden iki ýyldyz.
avatar
0
2 Çary5306 • 10:19, 26.01.2024
Şu awtory ýekeje gezek görmek nesip edipdi.Şo-ol 92-nji ýylda.Iki sanjak goşgusynam bir yerden tapyp alypdym, indem hiç haçan ýanymdan aýyramok.Ikinji goşgusynyň-a birinji setiri özüm bilmezden birnäçe ýyl soň bir goşgymyň birinji setirine "öwrülipdirem". Şähribossan dagy bilen okaýardy.Birnäçe ýyl soň Garrygalada goşgy okalyşa gatnaşandygyny eşdipdim, ýöne goşgularyna duşup bilemok
avatar
0
3 Çary5306 • 10:21, 26.01.2024
@myhman, menden — asmandaky ýyldyzlaryň hemmesi!
avatar
0
4 Mekan2 • 10:24, 26.01.2024
öz ýyldyzym az bolansoň azdan paýlaýan-laý. bolmasa galaktikalary akytjakla welin...
avatar
0
5 Mekan2 • 10:28, 26.01.2024
oňa-da Sungat, Mukam, Seýran, Seýitmyrat, Gülnar, Orazmyrat, Musa... dagylar sebäp boldular. islegi ulaltdylar. indi olaň özlerine-de kyn ýetmek.
avatar
0
6 Seýrаn • 10:38, 26.01.2024
Gowjy goşgy eken. Awtorynyň adyny ilkinji gezek eşidýän.
avatar

uCoz