MENU

13:43
Ylham perişdäme
YLHAM PERIŞDÄME

Goşgularym gözleriňden göçürme,
Ýogsam galam tutmak küje, men küje?!
Seniň kimin ýara duşsa, içinde
Her kimiňem zehini bar meňkiçe.

Men bu dünýä şahyr bolup inmedim,
Ýok Aýa romantik sereden ýerim.
Sen bilýäňmi, bileňokmy, bilmedim,
Sensiň şygyr diýip döredenlerim.

Özüň ayt, joşmazlyk mümkinmi beri,
Göreçleň ylhama sahy bolar-da?!
Gözleňden göçüren setirlerimi
Il okar müňlerçe sahypalarda.

Müň güle gonmaryn, bal ary ýaly.
Bilbilpisint göwnüm saňa sadykdyr.
Zehinim ýok, meşhur bolarym ýaly.
Men hut seniň yşgyň bilen adykdym.

Mätgurban MÄTGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Belki | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Mekan2 • 11:12, 09.03.2024
Bu goşga B.Baýgeldiýew goşgusynyň ikinji setiri bilen teswir ýazypdyr.

ähli zat gowy, şol bir mowzuk diýmeseñ
avatar
0
2 Lacrymosa • 14:28, 10.03.2024
gaty oňatjo goşgy eken. sagja boluň okadanyňyza. mätgurbanyň häsiýeti görnüp dur
edil özüňe meňzedäýmelem däldir-ä-ow goşgularyňy
avatar

uCoz