MENU

22:46
Ynam
YNAM

Şeýle bormuş söýenleriň ahwaly,
Şeýle bormuş söýenleriň ykbaly,
Ýetmejek bolsa-da, ýetäýjek ýaly,
Utmajak bolsa-da, utaýjak ýaly.

Barha öňe dyzaýar,
Kimiň eli uzaýar,
Kimiň dili uzaýar,
Ýöne ýürekde ýaşap,
Hiç gününe goýmaýan,
Päklik ony bezeýär.

Asman agyr bolsa-da,
“Ýüküň çekerin” – diýýär,
Dagdan ejiz gelse-de,
“Bir gün sökerin” – diýýär.

Eger yza gaýdaýsam,
Arzuwlarym puç bolsa...
Onsoň, neneňsi, nädip,
Ile bakaryn? - diýýär.

“Senden berkin görmedik,
Gel, köküňi ur” – diýýär,
Toprak deýin mähriban,
Baglar: “Biz deý dur” – diýýär.

Deňizleriň gomlarynda,
Gara dagyň ýollarynda,
Howasynda, dogasynda,
Onuň çäksiz ynamy bar,
Kiçelýänin duýsa-da ol,
Ynam bilen gidip barýar.

Ýöne bir gün...sähetsiz gün,
Ýakasy ýok, jäheksiz gün,
Oň ynamy gutaraýsa,
“Ýüküm çekiş” – diýen asman,
Özün nädip götär eýse?!

Öňküdenem garalmazmy,
Gara dagyň howalasy
Läbik ýaly bulanmazmy?
Baglar kökün saklap bilmän,
Gurap, ýere dulanmazmy?!

Çünki, eger haýsy adam
Ynam blen ýaşan bolsa,
Bardy – geldi, bir paňkelle
Ýaman bilen daşlan bolsa,
Rowaç tapyp, bet niýeti
Aýryp, zyňyp taşlan bolsa...

Ýogsa nätjek?!
Gidiberer pahyr bende,
(Ýedi ýere kössi ýeter ýamanyň),
Ýöne,
Ýeri – asman, asmanam – zemin
Edibiljek soňy bardyr ynamyň.

2020 ý

© Bägül ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 173 | Добавил: atayeva | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 lirika • 00:02, 28.04.2023
,,Eger yza gaýdaýsam,
Arzuwlarym puç bolsa...
Onsoň, neneňsi, nädip,
Ile bakaryn?" - diýýär. -- şu topbagyñ kapyýalasmaýar.

,,Deňizleriň gomlarynda"--deñize abyrsyz ynamymyz bolsa kän ýalñyşaýmasak...

,,Howasynda, dogasynda," -- «Ýagşyzadalaryñ bahary» atly kitapda aýdylýar-a pygamberlerem doganyñ kabul bolanyny ýa bolmanyny bilmän kän dileg edipdirler.

,,Ýaman bilen daşlan bolsa,
Rowaç tapyp, bet niýeti " --hiç bir adamyñ ýaman niýeti rowaç bolmaz. Biziñ käte gözümize şeýle görünse-de beýle däl(bu, elbetde, içki pikirim)

,, kössi" --zyýan, kesapat manysyndamy? Eger şeýle boljak boljak bolsa «kösti» diýip ýazylmaly dämi (ýañylýan bolmagymam ahmal)
Umuman, üstünlikler. Men edebiýatçy däl, men diñe pikirimi ýazdym. Teswirim gödegräk ýazylan bolsa bagyşlañ!!!
avatar

uCoz